
Türkmenistanyň wekiliýeti «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumynda energetika we ekologiýa meselelerini orta goýdy
2026-njy ýylyň 5-nji maýynda Ermenistanyň paýtagty Ýerewan şäherinde «Yerevan Dialogue 2026» atly halkara maslahaty öz işine başlady. Dünýäniň dürli künjeklerinden abraýly wekilleri jemlän bu foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem gatnaşýar.
Maslahatyň dowamynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy çykyş edip, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna giňişleýin durup geçdi. Hususan-da, ýurduň energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we daşky gurşawa goýberilýän zyňyndylary yzygiderli azaltmak boýunça amala aşyrylýan işleriň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistan «ýaşyl» energetika üçin amatly hukuk binýadyny kemala getirmek, ekologik özgertmeleri energetika howpsuzlygy bilen utgaşdyrmak hem-de sebitleriň deňagramly ösüşini üpjün etmek arkaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek ugrunda anyk ädimleri ädýär.
Pudagyň ekologik taýdan özgerdilmeginiň diňe bir tehnologik däl, eýsem durmuş-ykdysady taraplaryna hem üns çekildi. Täze hünär ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlamak, zähmet bazaryny döwrüň talaplaryna görä uýgunlaşdyrmak we ilatyň ähli gatlaklary üçin bökdençsiz energiýa elýeterliligini üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasyny düzýär.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy milli meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde halkara hyzmatdaşlygyň, aýratyn-da Birleşen Milletler Guramasy we halkara maliýe institutlary bilen alnyp barylýan gatnaşyklaryň strategik ähmiýetini belledi. Bu hyzmatdaşlyk durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde daşary goldawyň netijeli guraly hökmünde häsiýetlendirildi.
«Yerevan Dialogue 2026» forumy häzirki zamanyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma bolmagyny dowam edýär.
Keywords