
Şirin Allamyradowa, Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň 2-nji çaga dogruş bölüminiň akuşerginekolog lukmany: — Şu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şöhratly ýyllarynyň senenamasyny dowam etdirjek Täze, 2026-njy ýyly şatlyk-şagalaň bilen dabaraly ýagdaýda garşy aldyk. Şol pursatlary iş ornuňda, onda-da, her bir maşgala bagt paýlaýan, tamamlanan ýylyň ornuny täze ýyla berýän gijesinde dünýä inen akja bäbekler bilen garşylamak diýseň ýakymly duýgy, başgaça şatlyk. Täze ýyly şeýle bagtly wakalara şaýat bolup garşylamak, kesp-käriňe, durmuşa bolan söýgiňi, yhlasyňy has-da artdyrýar. Biz iş ornumyzda täze ýyly täze buşluklar bilen garşy aldyk. Dünýä inen akja bäbekler maşgalalar üçin ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Ata-eneleriň şatlygyna şärik bolmak diýseň ýakymly. Bu gün bu maşgalalarda bäbek toýy Täze ýylyň dabaralary bilen utgaşýar. Goý, täze «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at myradyň mekany» ýyly hem buşluk habarlaryna baý ýyl bolsun! Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy bilen gelen täze ýyl toýlara beslensin!
Keywords