Türkmenistanda ätiýaçlandyryş hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, olaryň hilini ýokarlandyrmak we raýatlar üçin has amatly şertleri döretmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar.
Kerki etrabynyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň esasy hünärmeni Suraý Jumaýewanyň bellemegine görä, häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň çäklerinde ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmäge, ilatyň bähbitlerini goramaga we hyzmatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär.
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy ulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryş hyzmatyndan peýdalanmak isleýän raýatlar we guramalar üçin şertnamalary baglaşmak mümkinçiliklerini hödürleýär.
Bu hyzmat ulag serişdelerini dürli töwekgelçiliklerden goramaga, ýüze çykyp biljek ýitgileriň öwezini dolmaga we ulag eýeleriniň maliýe taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Ulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny Türkmenistanyň fiziki we ýuridiki şahslary, ýuridiki şahs döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan raýatlar, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde iş alyp barýan daşary ýurtly ýuridiki şahslar, olaryň şahamçalary we wekillikleri baglaşyp bilerler.
Şeýle hem Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurtly raýatlar we raýatlygy bolmadyk adamlar bu hyzmatdan peýdalanmaga hukuklydyr.
Ätiýaçlandyryş ulgamynyň ösdürilmegi raýatlaryň emläk bähbitlerini goramaga, ulag serişdeleri bilen bagly ýagdaýlarda maliýe töwekgelçiliklerini azaltmaga hem-de ilata hödürlenýän hyzmatlaryň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.