Teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi wo­do­rod ýan­gy­jy­nyň aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­si hök­mün­de has el­ýe­ter­li bol­ma­gy­na ge­tir­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, wo­do­rod ener­gi­ýa­sy­na has köp ma­ýa go­ýum gö­nük­di­ril­ýär. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi «Con­necting Eu­ro­pe Facili­ty» (CEF) at­ly mak­sat­na­ma 650 mil­li­on ýew­ro bö­lüp ber­di. Bu ma­li­ýe se­riş­de­si­niň 176 mil­li­on ýew­ro­lyk bö­le­gi gö­nü­den-gö­ni wo­do­rod inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­ler. Bu bol­sa, ag­za ýurt­la­ryň ara­syn­da ener­gi­ýa ul­ga­my­nyň bi­te­wü­leş­di­ril­me­gi­ne go­şant go­şar.

Wo­do­rod ýan­gy­jy­nyň, esa­san, po­lat, hi­mi­ýa we beý­le­ki se­na­gat önüm­çi­li­gin­de ga­zy­lyp alyn­ýan ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň de­re­gi­ne ula­nyl­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Hindistanda hem şeýle taslama durmuşa geçirilýär. andra Pradeş ştatyndaky kakinada sebitinde önümçilik kuwwaty 1,95 gW bolan desga gurlar. Bu ýerde arassa çeşmelerden öndürilen wodorod ýangyjynyň uly bölegi eksport etmek üçin ammiaga öwrüler. desganyň işlemegi üçin gerek bolan elektrik energiýasy arassa çeşmelerden alnar.