
Baharyň ilkinji gününde paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. «Türkmenistan» gazetinde habar berilişi ýaly, jemleýji bäsleşige welaýatlardan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden zehinli, zähmetsöýer zenanlaryň 56-sy gatnaşdy.
Şanly ýylyň baýramçylyk ruhuna beslenen nobatdaky bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, olar 8 ugur boýunça bäsleşdiler. Diýarymyzyň öňdebaryjy zenanlaryndan düzülen eminler topary bäsleşige gatnaşyjylaryň jemgyýetçilik işjeňligine, zähmetde we döredijilikde gazanan üstünliklerine adalatly baha berdiler. Zenanlaryň uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, gazanan ýokary netijeleri nazara alnyp, ýeňijiler yglan edildi.
Bäsleşigiň jemleri boýunça Balkan welaýatynyň Baş bilim müdirliginiň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň müdiri Güljemal Soltanowa «Ýylyň işewür zenany», Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Biruny adyndaky geňeşliginiň Bagban obasynyň ýaşaýjysy Güljan Amanmyradowa «Ýylyň mährem zenany» diýen ada mynasyp boldular. Özboluşly zehini, çeperçilik ukyp-başarnygy bilen tapawutlanan Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň «Tiz kömek» merkeziniň şepagat uýasy Şirin Tejenowa «Ýylyň çeper elli zenany», Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Dostluk şäheriniň Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň tans-gurnak ýolbaşçysy Jennet Akmyradowa bolsa «Ýylyň sungatda işjeň zenany» diýlip yglan edildi. Şeýle-de hususy pudakda, terbiýeçilik işinde aýratyn işjeňlik görkezen Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýerleşýän «Merw» ýyladyşhanasynyň müdiri Mähri Jojykowa «Ýylyň telekeçi zenany», Aşgabat şäheriniň 165-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Oraztäç Nuryýewa «Ýylyň halypa zenany» hökmünde öňe saýlandylar. Şanly ýylda Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Ak bugdaý etrabynyň polisiýa bölüminiň wekili Ogulsuraý Huseýinkulyýewa «Ýylyň watançy zenany» diýlip yglan edilse, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Baýramaly» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Tawus Hudaýberdiýewa «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany» adyna eýe boldy.
Dabaranyň ahyrynda bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolan ezber zenanlara Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň adyndan Hormat haty hem-de sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Keywords