
Dünýäniň iň abraýly binagärlik kompaniýalarynyň biri bolan Beýik Britaniýanyň «Zaha Hadid Architects» (ZHA) býurosy Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşar.
Şu ýylyň 24-25-nji maýynda geçiriljek ýubileý forumy «Arhitektura. Innowasiýalar. Durnukly ösüş» diýen şygar astynda guralar. Bu halkara çärä dünýäniň 25 ýurdundan 100-den gowrak öňdebaryjy kompaniýanyň, şol sanda döwlet edaralarynyň, maýa goýum düzümleriniň hem-de halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Hünärmenler maslahatyň dowamynda şäherleri durnukly ösdürmegiň häzirki zaman tejribelerine, düzümi sanlylaşdyrmaga hem-de Aşgabadyň 2045-nji ýyla çenli niýetlenen uzakmöhletleýin strategiýasyna degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Şeýle hem, forumyň çäklerinde BMG-niň düzümleriniň we halkara ösüş institutlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýörite «tegelek stol» maslahaty geçiriler.
Binagärlik dünýäsiniň «Nobel» baýragy hasaplanýan «Pritsker» baýragynyň eýesi Zaha Hadid tarapyndan esaslandyrylan bu kompaniýa, özüniň üýtgeşik we futuristik taslamalary bilen tanalýar. Býuronyň işleriniň arasynda Birleşen Arap Emirliklerindäki «The Opus» toplumy, Saud Arabystanyndaky Patyşa Abdulla adyndaky ylmy-barlag merkezi we Daşkentdäki Alişer Nowaýy adyndaky halkara ylmy-barlag merkezi ýaly dünýä meşhur desgalar bar.
Sergä we maslahata göni gatnaşmak isleýänler üçin hasaba alyş işleri 2026-njy ýylyň 17-nji maýyna çenli dowam eder. Degişli resminamalar we goşmaça maglumatlar foruma degişli resmi web-sahypa arkaly amala aşyrylýar.
Keywords