Türk­men jem­gy­ýe­tin­de ze­na­na go­ýul­ýan sar­pa aý­ra­tyn be­lent­dir. Ene mu­kad­des­lik, mä­hir we ýy­ly­lyk çeş­me­si hök­mün­de ka­bul edil­ýär. Maş­ga­la oja­gy­nyň aba­dan­ly­gy, ça­ga­la­ryň ter­bi­ýe­si, mil­li däp-des­sur­la­ryň do­wam et­di­ril­me­gi köp­lenç ze­nan­la­ryň pa­ýy­na düş­ýär. Şo­nuň bi­len bir wagt­da hä­zir­ki dö­wür­de türk­men ze­nan­la­ry di­ňe bir öý-ojak­da däl, eý­sem, ylym-bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet, yk­dy­sa­dy­ýet we döw­let do­lan­dy­ry­şy ýa­ly ul­gam­lar­da-da üs­tün­lik­li zäh­met çek­ýär­ler.

Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­myz­da da­ba­ra­ly çä­re­ler, baý­ram­çy­lyk kon­sert­le­ri, dö­re­di­ji­lik du­şu­şyk­la­ry ge­çi­ril­ýär. Hor­mat­ly

Hormatly Prezidentimiziň adyndan aýal-gyzlarymyza pul sowgatlary gowşurylýar. Zähmetde tapawutlanan, jemgyýetçilik işlerinde işjeňlik görkezýän zenanlar döwlet sylaglaryna we hormat hatlaryna mynasyp bolýar.

Bu bolsa zenanlaryň jemgyýetdäki işjeňliginiň, olaryň zähmetine goýulýan ýokary bahanyň aýdyň subutnamasydyr. Halkara zenanlar güni diňe bir baýramçylyk däl, eýsem, zenan mertebesini belent tutmagyň, olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmegiň wajypdygyny ýatladýan gündür. Zenanlaryň bagtyýar durmuşy, olaryň jemgyýetde giň mümkinçiliklere eýe bolmagy döwletiň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.

Ýetip gelýän Halkara zenanlar güni mynasybetli Amul.info saýty hem ähli enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň, mähriban zenanlarymyzyň ýüzleriniň elmydama gülki-şatlykdan nurana bolmagyny tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we täze üstünlikleri arzuw edýär.