Türkmen Allaberdi Umarow Belarusda «Ýylyň talyby» baýragynyň eýesi boldy
Belarus Respublikasynyň Belgorod şäherindäki W.G. Şuhow adyndaky Döwlet tehnologiýa uniwersitetinde «2025-nji ýylyň talyby» adyny almak üçin oglanlaryň we gyzlaryň arasynda her ýyl geçirilýän uniwersitet derejesindäki bäsleşigiň jemleri jemlendi. Aýratyn bellenilmeli tarapy, bu ýyl türkmenistanly talyp Allaberdi Umarow oglanlaryň arasynda «Ýylyň talyby» diýen ada mynasyp boldy. Ol uniwesitetiň Informatika tehnologiýalary we dolandyryş ulgamlary institutynyň 2-nji ýyl talybydyr. Ýeri gelende bellesek, uniwersitetiň taryhynda ilkinji gezek daşary ýurtly talyp şeýle sylaga laýyk görüldi.
16 müň talyp gatnaşýan bäsleşik dört sany möhüm tapgyrdan ybarat:
1. Sport bäsleşigi;
2. Köpçüligiň öňünde çykyş etmek;
3. Ussatlyk sapagy;
Final tapgyry. Döredijilik çykyşy.
Allaberdi her tapgyrda ýokary netijeleri görkezip, bäsleşigiň jemi boýunça iň köp utuk toplamagy başardy.
Mundan başga-da, Allaberdi Umarow uniwersitet Talyplar geňeşine ýolbaşçylyk edýär, Meýletinçilik merkeziniň we Jemgyýetçilik-hukuk hyzmatdaşlygy hereketiniň işjeň agzasy hasaplanýar.
