Lebap welaýatynda hojalyklaryň 2,2 müňe golaýyna tebigy gaz çekildi

Häzirki wagtda Lebap welaýat boýunça tebigy gazdan peýdalanýan hojalyklaryň sany 217,4 müňden gowrakdyr. 2025-nji ýylyň geçen alty aýynda bu görkeziji ýene 2,2 müňe golaý artdy. Bu işe «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň agzybir işgärleri mynasyp goşant goşýarlar. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi.
2025-nji ýylyň birinji ýarymynda Lebap welaýaty boýunça gazlaşdyryş desgalaryny we gaz geçirijileri gurmaga döwletiň düýpli maýa goýumlarynyň 4 million 570 müň manady meýilleşdirildi. Hakyky iş ýüzünde bolsa özleşdirilen serişde 14,4 million manatdan hem gowrak boldy. Şonuň hasabyna dürli basyşly gaz geçirijileriň 62 kilometre golaýy çekildi. Bu bolsa meýilnamada bellenilenden 40 kilometre golaý artykdyr.
Diňe şu ýylyň dowamynda Dänew etrabynyň Ödeý, Baragyz geňeşlikleriniň, Asuda şäherçesiniň ýaşaýjylarynyň onlarçasynyň öýlerine tebigy gaz geçirildi. Munuň üçin umumy uzynlygy 13,3 kilometrden gowrak bolan gaz geçirijiler çekildi.