Türkmenabat Halkara Howa Menzili - Dünýä bilen gatnaşygyň merkezi
Uçar her gezek howamenzile golaýlanda, «Guşlar nähili bagtly! Olar Zemini belentlikden synlap, ähli gözellikleri bir demde görüp bilýärler» diýip pikir edýärsiň. Paýtagtdan, Balkanabatdan, Daşoguzdan asmana göterilen uçar Türkmenabada ýa-da Kerkä golaýlaberende, Zemindäki nazaryňy eglän gözellikden ganyp bolmaýar. Iki şäher hem gözüň ýagyny iýip barýan gözelligi bilen: «Myhman boluň, Lebabyma!» diýip seslenýär. Şu gün bu şäherlerde gurlan halkara derejeli howamenzilleri diňe bir ýurdumyzyň çar künjünden gelen myhmanlara däl, halkara gatnawlaryň ýolagçylaryna hem gujak açýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenabat Halkara howa menziliniň täze binalar toplumy 2018-nji ýylyň alabaharynda, Kerki halkara howa menziliniň döwrebap binalary bolsa 2021-nji ýylyň tomsunda açylyp, ulanylmaga berildi. Ine, şol günlerden bäri bu menzilleriň ikisi hem parahatçylykdyr dostlugy, ynanyşmakdyr daýanyşmagy tug edinen Türkmenistanyň howa giňişliginden peýdalanýan daşary ýurtly awiakompaniýalara hem hyzmat edip gelýär.
Ikisi bilelikde sagatda 600 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen welaýatymyzdaky halkara howa menzilleri dünýä meşhur «Flight Consulting Group» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda dünýäniň dürli döwletleriniň awiakompaniýalaryna hyzmat edýär. Hastakygy, geçen ýyllaryň içinde Birleşen Arap Emirlikleriniň «Click Aviation network DMCC», «Jetex», «Cargo Air Hartering», Täjigistanyň «Somon Air», Germaniýanyň «Aeroligic», Russiýanyň «Air Sitotrans», Belarus Respublikasynyň «Eada Aviation», Müsüriň «Global Transport Services» kompaniýalary ýaly hyzmatdaşlar welaýatymyzdaky halkara derejeli howa menzilleri bilen ýakyn gatnaşykda boldular. Edil häzirki günlerde bolsa Türkmenabadyň Halkara howa menzili Gruziýanyň «Georgian Airlines», «Airline GeoSky», Türkiýe Respublikasynyň «MNG Airlines» awiakompaniýalarynyň uçarlaryna ýokary derejeli hyzmat edýär.
Bu howa menzilinde «Türkmen howaýollary» döwlet gullugynyň halkara derejeli hyzmatdaşlygynyň çäklerinde dünýäniň dürli awiakompaniýalarynyň uçarlaryna petekleriň hem satylýandygyny aýtmak gerek. Russiýa Federasiýasynyň «S7», Birleşen Arap Emirlikleriniň «Fly Dubai», «Emirates», Türkiýe Respublikasynyň «Turkish Airlines» kompaniýalarynyň halkara derejeli gatnawlaryna petek almak isleýän ildeşlerimiz muň üçin ýol söküp ýörmän, welaýat merkezindäki halkara howa menziline ýüz tutup bilerler. Ýeri gelende aýtsak, menziliň täze toplumynyň raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň (ICAO) halkara standartlaryna laýyklygyny Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen howa menziliniň beren sertifikaty hem tassyklaýar.
Bir söz bilen aýdylanda, Lebabyň howamenzilleri diňe bir menzilleri ýakynlaşdyrman, dünýä giňişligi bilen didarlaşmagyñ, dogan iller bilen gatnaşyklary berkitmegiň merkezine öwrülýär.
