Yhlasly zähmet bilen baý hasyl alan daýhan maşgalasy

Çärjew etrabynyň S.A. Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň ussat kärendeçileri – Hemrakulyýewleriň maşgalasy – ýaşaýyşda-da, zähmetde-de görelde görkezýärler.

Iýul 4, 2025 - 15:49
Yhlasly zähmet bilen baý hasyl alan daýhan maşgalasy

16-njy kärendeçiler toparynyň tejribeli agzasy Şöhrat Hemrakulyýew üçin daýhançylyk diňe bir kär bolman, eýsem ýürekden çykýan yhlas, topraga bolan çäksiz söýgi we ata-babalaryň ýoludyr. Ol häzirki wagtda 50 ýaşynda bolsa-da, zähmet ýolunda toplanyp gelen baý tejribesi bilen etrabyň öňdebaryjy kärendeçileriniň biri hökmünde tanalýar.

Şöhrat aganyň daýhançylyk bilen baglanyşykly ilkinji ylham çeşmesi onuň kakasy, halypa daýhan Hemrakuly Jumakow bolupdyr. Häzirki wagtda 85 ýaşyndaky ýaşulynyň döwlete, topraga we zähmete bolan hormaty ogluna hem siňipdir. Ol birnäçe ýyl bäri kärendeçiler toparyna ýolbaşçylyk edip, ýaşlara halypalyk edýär.

Şöhrat Hemrakulyýew şu ýyl 31 gektar meýdanda bugdaý ekip, 140 tonna hasyl almagy başardy. Geçen ýyl bolsa 22 gektar meýdanda şaly ekip, 170 tonna hasyl ýygnap, etrabyň ilkinji şaly tabşyran daýhany hökmünde tanaldy. Şeýle hem, bugdaý oragyndan soň bu ýyl 5 gektara mäş ekmegi ýola goýdy.

— Döwlete tabşyran bugdaýymyz üçin doly hasaplaşyk geçirildi. Bu iş oragyň başyndan bäri yzygiderli alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys. Jemi zähmet girdejimiz göwnimize laýyk boldy. Aralyk ekinlerden hem gowy girdejä garaşýarys — diýip, kärendeçi hoşallygyny beýan edýär.

Şöhrat aga diňe ekinçilik bilen çäklenmän, ýerleriniň gyralarynda 1200 düýp tut agajy ösdürip ýetişdirýär. Bu bolsa ýüpek gurçuklaryny ösdürip ýetişdirmäge uly mümkinçilik berýär. Şeýle hem 200 düýp ülje, 100 düýp alma nahalyny ekendir. Her ýyl bu baglardan 50–100 kilogram aralygynda miwe alýar.

Ussat daýhanyň ogullary hem kakasynyň ýoluny mynasyp dowam etdirýärler. Uly ogly Serdar ökde suwçy, ikinji ogly Merdan bolsa hojalygyndaky traktory sürýär, ýer sürýär, ekin ekýär, tehnikalar bilen ideg edýär. Gelinleri Gülşat bilen Gunça, şeýle-de ýan ýoldaşy Ranogül hem oba hojalyk işlerinde deňläp zähmet çekýärler.

Şöhrat aga ir ertirden giç agşama çenli traktor sürýär, baglaryna gözegçilik edýär, bütin gününi höwes bilen zähmete sarp edýär. Ýüpekçilikde hem öňdeligi eýeläp, şu ýyl 200 gram ýüpek gurçugyndan 500 kilogram pile öndürmegi başardylar. Maşgala ýyladyşhanalarda pomidor, hyýar ýetişdirýär. Şeýle hem 20-ä golaý iri şahly mal saklaýarlar.

Şöhrat aga gök ekinlerde hem ýokary netije gazanýar. Geçen ýyl onuň gowçasyndan her gektardan 45–50 sentner hasyl aldy. Bugdaý meýdanlaryny hem netijeli ekiş bilen üpjün etdi. Toparyň ýolbaşçysy Tursunbaý Seýidow ýaş kärendeçilere halypalyk edýär, topragy söýmegi, zähmetiň lezzetini duýmagy öwredýär.

Bu maşgala diňe bir zähmetde däl, eýsem agzybirlikde hem hemmelere göreldedir.