ABŞ Türkmenistana degişli täze wiza talaby girizýär: 2026-njy ýyldan başlap “wiza bondy” talap ediler

Dek 18, 2025 - 10:23
ABŞ Türkmenistana degişli täze wiza talaby girizýär: 2026-njy ýyldan başlap “wiza bondy” talap ediler

ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan kabul edilen täze karar esasynda, Türkmenistan raýatlary hem “Visa Bond” (wiza üçin kepillik puly) talap edilýän ýurtlaryň sanawyna girizildi. Bu düzgün 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap güýje girer.

Täze düzgün ABŞ-nyň Immigrasiýa we raýatlyk kanunynyň (INA) 221(g)(3) maddasyna hem-de wagtlaýyn ahyrky düzgün (Temporary Final Rule – TFR) arkaly döredilen synag maksatnamasyna esaslanýar. Karar, ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk departamentiniň (DHS) B1/B2 wizalary boýunça galyp gitme (overstay) statistikalaryna daýanýar.

Türkmen raýatlary üçin näme üýtgeýär?

Türkmenistan pasporty bilen B1/B2 (syýahat we iş) wizasy üçin laýyk hasaplanylan dalaşgärler:

5 000, 10 000 ýa-da 15 000 ABŞ dollary möçberinde kepillik puly (bond) goýmalydyr

Kepillik puly wiza söhbetdeşliginde konsul tarapyndan kesgitlenýär

DHS Form I-352 doldurylmaly

Töleg diňe ABŞ-nyň resmi pay.gov ulgamy arkaly amala aşyrylýar

Kepillik puly wizanyň hökmany beriljekdigini aňlatmaýar. Konsul görkezmesi bolmazdan tölenen pullar yzyna gaýtarylmaýar.

 Girip-çykmaly mejbury howa menzilleri

Wiza bondy goýlan dalaşgärler ABŞ-a diňe aşakdaky howa menzilleri arkaly girip-çykmalydyr:

Boston Logan International Airport (BOS)

John F. Kennedy International Airport – Nýu-Ýork (JFK)

Washington Dulles International Airport (IAD)

Bu talap berjaý edilmese, ABŞ-a girmegiň gadagan edilmegi ýa-da çykyş maglumatlarynyň hasaba alynmazlygy mümkin.

 Wiza bondy bozulsa näme bolýar?

ABŞ-nyň Içerki howpsuzlyk departamenti (DHS) bond şertleriniň bozulandygyna şübhe dörän ýagdaýlarda işi USCIS-e ugradýar. Muňa şular girýär:

Rugsat berlen möhletden soň ABŞ-dan çykmak

Rugsat berlen möhleti geçip hem çykman galmak

Immigrant däl statustan çykyp, şol sanda syýasy pena (asylum) talap etmek