ABŞ Türkmenistan raýatlary üçin käbir wiza çäklendirmelerini aradan aýyrdy
ABŞ-nyň Prezidenti Donald J. Trump tarapyndan 2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda gol çekilen täze Prezident kararyna laýyklykda, Türkmenistan bilen bagly wiza düzgünlerinde möhüm ýeňillikler girizildi.
Resmi resminamada bellenilişi ýaly, Türkmenistan soňky ýyllarda ABŞ bilen şahsyýeti kesgitlemek, maglumat alyşmak we howpsuzlyk ulgamlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürip, ep-esli öňegidişlik görkezdi. Şunuň netijesinde, Türkmenistan raýatlarynyň ABŞ-a gysga möhletli saparlar üçin berilýän käbir wizalar boýunça çäklendirmeler doly aradan aýryldy.
Täze karara laýyklykda, türkmen raýatlary iş sapary we syýahat maksatly B-1, B-2, B-1/B-2, şeýle-de okuw (F, M) we alyş-çalyş (J) wizalary boýunça ABŞ-a girmek mümkinçiliklerine eýe boldular.
Şeýlelikde, iş, syýahat, bilim almak we akademik alyş-çalyş maksatlary bilen ABŞ-a gitmek isleýän Türkmenistanyň raýatlary üçin täze mümkinçilikler açyldy.
Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan raýatlarynyň ABŞ-a immigrasiýa wizalary (ýaşamak maksatly wizalar) boýunça girmegi wagtlaýynça öňki çäklendirmeleriň çäginde galýar.
ABŞ tarapynyň bellemegine görä, bu karar Türkmenistanyň degişli ugurlarda hyzmatdaşlygy dowam etdirmegine baglylykda, geljekde has-da giňeldilip bilner. Täze düzgünler 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.
Bu çözgüt, daşary ýurtlarda bilim almak, halkara alyş-çalyş maksatnamalaryna gatnaşmak we gysga möhletli saparlary meýilleşdirýän türkmen raýatlary üçin möhüm we oňyn ädim hökmünde bahalandyrylýar.
