Lebap welaýatynda täze gaz guýusyndan kuwwatly gaz akymy alyndy

Dek 17, 2025 - 15:20
Lebap welaýatynda täze gaz guýusyndan kuwwatly gaz akymy alyndy

Türkmenistanyň gaz senagatynda alnyp barylýan geologiýa-barlag işleri netijeli dowam edýär. Lebap welaýatynda ýerleşýän «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň garamagyndaky «Böwrüdeşik» gaz käniniň golaýynda, Hazarly meýdançasynda gazylan täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan guýudan bir gije-gündizde 120 müň kub metr möçberinde gaz çykarmaga mümkinçilik berýän akym alyndy. Täze gazylan guýy «Hazarly-2» diýlip atlandyryldy.

Bellenilişi ýaly, bu guýy Hazarly meýdançasynda gaz akymy alnan ilkinji guýy bolup, meýdançanyň geljekki özleşdirilmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar. Gazanan netije sebitde alnyp barylýan geologiýa-barlag işleriniň netijeliligini görkezýär.

Häzirki wagtda Hazarly meýdançasynda gözleg we barlag işleriniň dowam etdirilmegi meýilleşdirilýär.