10 milliard dollarlyk 19 taslama: Türkmenistan — türk potratçylary üçin ululygy boýunça ikinji daşary ýurt bazary
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak üçin golaýda Aşgabada bolan saparynyň çäginde umumy taryha, medeniýete we ykdysady kuwwata ünsi çekip, Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk doganlyk gatnaşyklaryny nygtady.
Türkiýä gaýdyp barýarka uçaryň bortunda žurnalistlere beren beýanatynda Prezident Ärdogan türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi. Ol üç ýyl mundan ozalky saparyny, şeýle-de umumy dile, dine, taryha we medeniýete esaslanýan çuňňur gatnaşyklary ýatlap, Türkiýäniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ymtylýandygyny belledi.
Ärdogan Türkmenistanyň üç onýyllygyň dowamynda bitaraplyk derejesini üstünlikli saklap gelýändigine ýokary baha berip, muny «parahatçylygyň filosofiýasy» diýip atlandyrdy. Ol Türkiýäniň Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ilkinjileriň biri bolup ykrar edendigini we ýurda BMG-de hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmegi ugrunda işjeň çykyş edendigini ýatlatdy.
«Biz Türkmenistanyň bitaraplygyň binýadynda parahatçylygy gurmak boýunça garaýyşlaryny goldamagymyzy dowam etdirýäris» diýip, Türkiýäniň Prezidenti belledi.
Türk lideri ykdysady ugurdaky işjeň hyzmatdaşlygy aýratyn nygtady: Türkmenistan garaşsyzlygyny alanyndan bäri türk kompaniýalary umumy bahasy 55 milliard dollara golaý taslamalary amala aşyrdylar, häzirki wagtda alnyp barylýan taslamalar bolsa jemi 19 sany bolup, takmynan 10 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar. Bu görkeziji Türkmenistany türk potratçylary üçin Russiýadan soň ululygy boýunça ikinji daşary ýurt bazaryna öwürýär.
2024-nji ýylda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberi 2 milliard dollardan geçdi. Ärdogan bu görkezijini iki ýurduň hem ozal ençeme gezek yglan edişi ýaly, 5 milliard dollara ýetirmek niýetini beýan etdi.
Ärdogan gatnaşyklaryň ynsanperwer ugruny hem nygtady: «Biz türkmen doganlarymyzyň we uýalarymyzyň ýokary bilim almak üçin Türkiýäni saýlaýandyklaryna şatdyrys. Biz bu ýaşlaryň okuwlaryny tamamlap, Türkmenistana dolanýandyklaryndan we öz ýurtlarynyň ösüşine goşant goşýandyklaryndan hoşal».
