Türkmenabadyň Azatlyk şäherçesindäki täze suw bekedi

Dek 17, 2025 - 00:23
Türkmenabadyň Azatlyk şäherçesindäki täze suw bekedi

Ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy üçin häzirkizaman enjamlary ornaşdyrylan döwrebap desgalar yzygiderli işe girizilýär. Şeýle kämil desgalaryň biri hem Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşen suwuň basyşyny ýokarlandyryjy beket hem-de agyz suw geçirijisidir.

Bu täze desga Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesiniň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmeklige niýetlenendir. Suwuň basyşyny ýokarlandyryjy bekediň hem-de agyz suw geçirijisiniň gurluşygy «Ark» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. Täze desga 1,14 gektar meýdanda ýerleşip, bir gije-gündiziň dowamynda 389 kub metr suw geçirmäge niýetlenen, kuwwaty 132 kwt bolan 4 sany elektrik dwigatelinden, elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün etmeklik üçin kuwwaty 630 kwt bolan 2 sany elektrik bekedinden, şeýle hem kuwwaty 500 kwt-a barabar bolan, dizel ýangyjy bilen işleýän ätiýaçlyk elektrik energiýasyny öndürijiden ybarat.

Täze agyz suw bekedinde gelýän arassa suwy saklamaklyk üçin göwrümi 2 müň 500 kub metre deň bolan bir we bir müň kub metre barabar bolan 2 sany üsti örtükli howuz ýerleşýär. Bu ýere arassalanan arassa suw «Lebapwelaýatagyzsuw» önümçilik birleşiginden 15,1 kilometr uzynlykly turbalar arkaly getirilýär. Suwuň basyşyny göterýän, bir gije-gündiziň dowamynda 4 müň 500 kub metr suw geçirmäge ukyply beketden arassa agyz suwy 4,3 kilometr aralyga — Azatlyk şäherçesine, ýagny sarp edijilere ugradylýar.