Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Döwlet Baştutanymyzyň hatynda belleýşi ýaly, Gazagystan garaşsyz ösüş ýyllarynda döwlet gurluşyny kämilleşdirmekde we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda uly işler bitirdi. Häzirki wagtda goňşy ýurt dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen, ynamly öňe barýar. “Siziň ýurduňyza döwlet saparymyň çäklerinde Astana şäherinde geçiren duşuşygymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn. Gepleşiklerdäki açyklygyň we ynanyşmagyň ýokary derejesi taraplaryň Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek barada üýtgewsiz isleginiň bardygyny görkezdi” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.
Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli işinde üstünlikleri, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.
