Menzilara bank hyzmaty arkaly geçirilen puluň möçberi 1 milliard manatdan geçdi

Dek 17, 2025 - 10:34
Menzilara bank hyzmaty arkaly geçirilen puluň möçberi 1 milliard manatdan geçdi
Menzilara bank hyzmat ulgamy — bu müşderileriň banka barmazdan, şahsy kompýuter ýa-da ykjam telefon arkaly hasaplaryny dolandyrmak we bank amallaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredilen bank hyzmatydyr. Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin hyzmat edilýän banka arza bilen ýüz tutmak ýeterlikdir.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan alnyp barylýan işleriň çäklerinde döwrebap programma üpjünçilikleri, serwer we kompýuter enjamlary bilen üpjünçiligi yzygiderli kämilleşdirilýär. 2025-nji ýylyň 1-nji noýabr ýagdaýyna bankyň menzilara bank ulgamyna jemi edara görnüşli hem-de hususy kärhanalar we telekeçilerden ybarat 1,4 müňe golaý müşderi birikdirildi. Bankyň müşderileri tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda jemi 44,5 müňe golaý amal geçirilip, pul möçberi 1 milliard 197,24 million müň manada barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2 esse artdy. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi bankynyň «Bank habarlary» žurnalynda habar berildi.

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň «Menzilara bank» hyzmaty-da bank hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň biridir. Onuň işe girizilmegi bank hasaplaryny dolandyrmagyň has-da döwrebaplaşdyrylmagyna, dürli bank amallarynyň çalt ýerine ýetirilmegine, hususan-da, pul geçirimleriniň amala aşyrylmagyna, hasapdaky galan pul serişdeleriniň möçberiniň barlanmagyna, hasap baradaky göçürmeleriň alynmagyna, karzlary we goýumlary tölemegiň tertibiniň kesgitlenilmegine ýardam etdi.