Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijeleri

Dek 6, 2025 - 09:43
Dek 6, 2025 - 10:20
Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň bije çekilişiniň netijeleri

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada 2026-njy ýylyň 11-nji iýunyndan 19-njy iýulyna çenli geçiriler dünýä çempionatynyň toplumlaýyn tapgyrynyň bije çekilişi tamamlandy. Bu dünýä birinjiligine ilkinji gezek 48 milli ýygyndy gatnaşar, olar her biri dört ýygyndydan bolan 12 topara bölündi. «Çempionat» bije çekilişiniň netijeleri bilen tanyşmagy teklip edýär.

A topary: Meksika, Günorta Afrika, Günorta Koreýa, Ýewropa pleý-offy – ýol D (Daniýa / Demirgazyk Makedoniýa / Çehiýa / Irlandiýa).

B topary: Kanada, Katar, Şweýsariýa, Ýewropa pleý-offy – ýol A (Italiýa / Demirgazyk Irlandiýa / Uels / Bosniýa we Gersegowina).

C topary: Braziliýa, Marokko, Gaýti, Şotlandiýa.

D topary: ABŞ, Paragwaý, Awstraliýa, Ýewropa pleý-offy – ýol C (Türkiýe / Rumyniýa / Slowakiýa / Kosovo).

E topary: Germaniýa, Kyurasao, Kot-d’Iwuar, Ekwador.

F topary: Niderlandlar, Ýaponiýa, Tunis, Ýewropa pleý-offy – ýol B (Ukraina / Şwesiýa / Polşa / Albaniýa).

G topary: Belgiýa, Müsür, Eýran, Täze Zelandiýa.

H topary: Ispaniýa, Kabowerde, Saud Arabystany, Urugwaý.

I topary: Fransiýa, Senegal, Norwegiýa, sebitleärara pleý-offlar – ýol 2 (Boliwiýa / Surinam / Yrak).

J topary: Argentina, Alžir, Awstriýa, Iordaniýa.

K topary: Portugaliýa, Özbegistan, Kolumbiýa, sebitleärara pleý-offlar – ýol 1 (Täze Kaledoniýa / Jamaýka / Kongo Demokratik Respublikasy).

L topary: Angliýa, Horwatiýa, Gana, Panama.

Häzirki wagta çenli 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna 42 milli ýygyndy gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle-de altý topar 2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda geçiriler pleý-off duşuşyklarynyň netijesi boýunça kesgitlener.

Dünýä birinjiliginde toparlardan diňe ilkinji iki topar däl, eýsem köpüsi hem (12-niň iň gowusy bolan sekiz üçünji ýer eýeleri) 1/16 finaldan başlaýan pleý-off tapgyryna çykmaga mümkinçiligi bolar.