Täze çempionlyk ugrunda: Ýagşymyradow – Anderson söweşine tarap

Okt 1, 2025 - 19:48
Okt 1, 2025 - 20:16
Täze çempionlyk ugrunda: Ýagşymyradow – Anderson söweşine tarap

2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Dubaýda, PFL çäginde ýokary derejeli söweş geçiriler: Türkmenistanyň türgeni Döwletjan Ýagşymyradow bilen Amerikaly çempion Koreý Anderson arasynda rewanş duşuşygy bolar. Bu söweş ýarym agyr agram derejesinde çempionlyk guşagy üçin bolar.

Öňki gezek 2021-nji ýylda Bellator 257 ýaryşynda Anderson Ýagşymyradowa garşy ýeňiş gazanypdy. Bu söweş diňe iki adam üçin däl, eýsem, tutuş türkmen MMA jemgyýeti üçin taryhy pursat bolar. Ýeňiji tarap PFL çempiony bolar.

Söweşi Amulinfo portaly arkaly tomaşa edip bilersiňiz.