Futbol. FIFA The Best 2025 baýragy: iň gowy futbolçy we tälimçi kim boldy

Dek 17, 2025 - 08:39
Futbol. FIFA The Best 2025 baýragy: iň gowy futbolçy we tälimçi kim boldy

FIFA-nyň The Best FIFA Football Awards 2025 futbol baýragynyň gowşurylyş dabarasy 16-njy dekabrda Dohada geçirildi. Amul Info onuň ýeňijileri bilen tanyşdyrýar.

FIFA The Best baýragy FIFA tarapyndan 2016-njy ýyldan bäri gowşurylýar.

Dalaşgärler 2024-nji ýylyň 21-nji awgustyndan 2025-nji ýylyň 10-njy awgustyna çenli görkezilen çykyşlaryň esasynda saýlandy.

2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip PSŽ toparynyň oýunçysy Usman Dembelé yglan edildi. Ol şu ýyl şeýle hem «Altyn top» baýragynyň eýesi boldy.

FIFA The Best 2025 baýragynyň ähli eýeleri

2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy – Usman Dembelé (PSŽ, Fransiýa milli ýygyndysy).
Zenan futbolynda 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy – Aýtana Bonmati («Barselona», Ispaniýa milli ýygyndysy).

2025-nji ýylyň iň gowy tälimçisi – Luis Enrike (PSŽ).
Zenan futbolynda 2025-nji ýylyň iň gowy tälimçisi – Sarina Wigman-Glotsbah (Angliýa milli ýygyndysy).

2025-nji ýylyň topary – Donnarumma, Hakimi, Paço, wan Deýk, Mendeş, Palmer, Bellingem, Witinja, Pedri, Ýamal, Dembelé.
Zenan futbolynda 2025-nji ýylyň topary – Hempton, Bronza, Batle, Williamson, Paredes, Bonmati, Giharro, Pina, Kaldenteý, Russo, Putelýas.

2025-nji ýylyň iň gowy derwezebany – Janluiji Donnarumma («Mançester Siti», Italiýa milli ýygyndysy).
Zenan futbolynda 2025-nji ýylyň iň gowy derwezebany – Hanna Hempton («Çelsi», Angliýa milli ýygyndysy).

2025-nji ýylyň iň gowy goly – Santýago Montýel («Independýente», «Independýente Riwadawia» bilen geçirilen oýunda).
Zenan futbolynda 2025-nji ýylyň iň gowy goly – Lizbet Owalle («Tigres», «Gwadalahara» bilen geçirilen oýunda).