Türkmenistanda azyk önümleriniň hiline gözegçilik etmek boýunça täze tertibi tassyklandy

Dek 18, 2025 - 18:00
Dek 18, 2025 - 18:01
Türkmenistanda azyk önümleriniň hiline gözegçilik etmek boýunça täze tertibi tassyklandy
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Ýaramaz hilli iýmit önümlerini, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallary utilleşdirmegiň we howply iýmit önümlerini, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallary ýok etmegiň tertibini tassyklady. Bu tertip baradaky 2025-nji ýylyň 1-nji noýabryndaky 506-njy degişli buýruk 8-nji dekabrda Adalat ministrligi tarapyndan bellige alyndy.

Resminama «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde taýýarlanyldy we howpsuzlyk hem-de hil talaplaryna laýyk gelmeýän azyk önümlerine bol gatnaşygyň bitewi düzgünlerini kesgitleýär.

Täze tertibe laýyklykda, azyk önümleri Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugy tarapyndan geçirilýän barlaglaryň netijesi boýunça ýaramaz hilli ýa-da howply diýip ykrar edilip bilner. Bilermenler seljermesi resminamalaryň barlagyny, organoleptiki seljermeleri we önümleriň barlaghana synaglaryny öz içine alýar.

Ýaramaz hilli diýlip ykrar edilen, ýöne iýmit ýa-da tehniki maksatlar üçin gaýtadan ulanmaga mümkinçilik berýän önümler utilleşdirmek (gaýtadan işlemek) üçin ugradylýar. Hiç hili maksada laýyk gelmeýän önümler bolsa ýok edilmäge iberilýär. Bu iş ýörite toparyň gatnaşmagynda we hökmany tertipde delilnama düzülip geçirilýär.

Resminama käbir ýagdaýlarda bilermenler seljermesi geçirmezden şu halatlarda: önümleriň açyk bozulma alamatlary bar bolsa, zerur resminamalar bolmasa, ýaramlylyk möhleti geçen bolsa ýa-da gadagan edilen azyk goşundylary tapylan halatynda önümleri ýok etmek mümkinçiligini hem göz öňünde tutýar.

Utilleşdirmek ýa-da ýok etmek üçin alnyp goýlan önümleriň saklanylmagyna jogapkärçilik önümiň eýesine ýüklenýär. Şeýle hem ähli çykdajylar — utilleşdirmek ýa-da ýok etmek bilen bagly — önümiň eýesi tarapyndan tölenýär.

Täze tertibiň düzgünleri Türkmenistanyň çäginde azyk önümlerini öndürýän we dolanyşygyny amala aşyrýan ähli fiziki we ýuridiki şahslar üçin hökmany bolup durýar. Önümleriň eýeleri gözegçilik edaralarynyň çözgütlerine kanunçylykda bellenen tertipde şikaýat etmäge hukuklydyrlar.