Käbede surata düşürmek we 12 ýaşa ýetmedik çagalaryň haj zyýaraty gadagan edildi
Saud Arabystanyny Patyşalygynyň hökümeti Al-Haram metjidiniň içinde, şol sanda mukaddes Käbäniň çäginde surata düşürmegi hem-de wideo ýazgysyny etmegi gadagan etdi. Çäklendirmeler eýýäm şu haj hem-de umra möwsümlerinden hereket edip başlaýar.
Mobil telefonlaryny, fotoapparatlary we wideokameralary ulanmak gadagan edildi. Resmi beýanatda munuň zyýaratçylaryň şahsy giňişligini goramak, doga-dileg we özara hormat-sarpa atmosferasyny saklamak, mukaddes ýeriň selfi hem-de syýahatçylyk meýdançasyna öwrülmeginiň öňüni almak, şeýle hem dindarlaryň ünsüni doga-dileglerinde jemlemegine mümkinçilik bermek boýunça synanyşyk bolup durýandygy düşündirilýär.
Zyýaratçylara gadaganlygyň bozulmagy bilen bagly ýagdaýlarda mobil enjamlaryň olaryň elinden alynmagyna we mukaddes ýerlerde howpsuzlyk çäreleriniň görülmegine getirip biljekdigi barada duýduryş berildi.
Şeýle hem, 2026-njy ýylda 12 ýaşa ýetmedik çagalar üçin haj zyýaraty gadagan edildi. Resmi beýanatda 50°C yssy, uly mähelle we pyýada geçilmeli kilometrler — bularyň körpeler üçin zyýarat däl-de, eýsem, uly töwekgelçilik bolup durýandygy aýdylýar.
