Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň haýyr-sahawat gaznalary özara Ähtnama gol çekdiler
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa sişenbe güni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen duşuşygyň çäklerinde düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň arasyndaky dialogy işjeňleşdirmegiň, çagalaryň saglygyny goramak babatda toplanan tejribäni alyşmagyň, iki halkyň asylly däplerine laýyklykda haýyr-sahawat işini ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Oguljahan Atabaýewa öz çykyşynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny nygtap, geljekde bu ugurda guramalaryň arasyndaky gatnaşyklary netijeli ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Leýla Aliýewa çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, geçirilýän çäräniň ähmiýetini hem-de ýola goýlan netijeli dialogyň çagalaryň bähbidine mundan beýläk-de işjeň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Şol gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň täze şahamçasynyň açylyş dabarasy hem geçirildi.
