Köýtendag kän müdirliginde 125,3 göterim ösüş gazanyldy

Noý 25, 2025 - 08:45
Köýtendag kän müdirliginde 125,3 göterim ösüş gazanyldy

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirligi häzirki günlerde ýokary zähmet görkezijilerini gazanýar. Şu ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynyň jemleri boýunça müdirlikde magdan däl gurluşyk serişdeleriniň 654 müň kub metri, şol sanda çagyl daşynyň 196 müň 229 kub metri, ýuwulan çägäniň 291 müň 373 kub metri, çagyl-çäge garyndysynyň 119 müň 641 kub metri, şeýle-de but daşlarynyň 46 müň 970 kub metri taýýarlanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Köýtendag kän müdirliginde önümçiligiň ösüş depgini 125,3 göterime deň boldy. Önümçiligiň ýola goýulmagynda gerek bolan çig mal müdirligiň daş hojalygyndan çagyl-çäge garyndysynyň alynýan daş käninden gazylyp alynýar. Bu ýerde oturdylan kuwwatly enjamlar, şeýle-de bar bolan kämil tehnikalar öndürijilikli işiň ýola goýulmagynda anyk mümkinçilikleri döredýär.

Müdirlikde öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň, ylaýta-da ýuwulan we üwelen daş önümleriniň sebitde gurluşygy alnyp barylýan dürli desgalarda ulanylýandygam bellärlikli ýagdaýdyr.