Malaziýa 2026-njy ýylda 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň sosial ulgamlara girişini çäklendirer
Malaziýa çagalaryň sanly howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen geljek ýyldan başlap täze düzgünleri güýje girizmäge taýýarlanýar. 2026-njy ýyldan malaziýaly raýatlara 16 ýaşa ýetmezden sosial ulgamlarda hasaba durmak gadagan ediler. Bu barada ýurduň kommunikasiýalar ministri Datuk Fahmi Fadzil «The Star» gazetine beýanat berdi.
Ministriň sözlerine görä, täze düzgünler «Madani» hökümetiniň onlaýn howpsuzlyk baradaky giňişleýin syýasatynyň bir bölegi bolup, ýurtda ýaşlaryň internet giňişliginde ýüze çykyp biläýjek töwekgelçiliklerden goralmagyny maksat edinýär. Täze düzgünleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin, sosial media platformalary 2026-njy ýyldan başlap ulanyjylaryň şahsyýetini barlamak boýunça elektron identifikasiýa ulgamy — eKYC ulgamyny ornaşdyrmaly bolar. Bu çözgüt onlaýn profilleriň hakyky maglumatlar esasynda açylmagyny üpjün etmegi maksat edinýär. Fahmi Fadzil bu beýanaty kiberhyýanatçylyk baradaky bilimleri artdyrmaga bagyşlanan seminar tamamlanandan soň etdi. Ministriň bellemegine görä, Malaziýa halkara tejribäni hem üns bilen öwrenýär. Mysal üçin, Awstraliýa indiki aý sosial ulgamlarda ulanyjylar üçin ýaş çäklendirmesini girizýär.
— «Her bir ýurduň öz tejribesi we çemeleşmesi bar. Biz olaryň üstünlikli taraplaryny öwrenip, ýurdumyzyň şertlerine laýyklykda durmuşa geçirmegi maksat edinýäris» — diýip ministr aýtdy.
Bu kanun ýaşlaryň maglumat howpsuzlygyna, internetdäki psihologik we jemgyýetçilik töwekgelçiliklerine garşy has güýçli goraglygyny üpjün etmegi maksat edinýär. Ministr hemişeki ýaly, ene-atalary hem çagalarynyň ekran wagtyny azaltmaga, açyk meýdanda wagtyny geçirmäge we sanly enjam peýdalanmagyny gözegçilikde saklamaga çagyrdy.
