Ak bazarlarymyzdaky azyk bolçulygyna telekeçileriň goşandy

Okt 23, 2025 - 17:49
Ak bazarlarymyzdaky azyk bolçulygyna telekeçileriň goşandy

Watanymyzyň ähli künjeklerinde azyk bolçulygyny üpjün etmäge uly goşant goşýan zähmetsöýer telekeçilerimiziň tagallalary üstümizdäki ýylyň her gününde öz oňyn netijelerini berýär. Şolaryň hatarynda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, 2021-nji ýylda işe girizilen Türkmenabat şäherindäki “Wilanta’s” haryt nyşanly şöhlat önümleri hususy kärhanasy hem bar. Bu kärhananyň hünärmenleri we işçileri et we et önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmekde ýokary netijeleri gazanýarlar.

Kärhananyň ýolbaşçysy, telekeçi Farhat Klyçow häzirki wagtda önümçiligiň ýokary depginde alnyp barylýandygyny belleýär. Kärhanada her gün takmynan bir tonnadan gowrak mal eti gaýtadan işlenip, 30-a golaý şöhlat önümi taýýar edilýär.

Önümleriň arasynda dürli görnüşler bar:

  • Ýarym kakadylan görnüşde: “Köýtendag”, “Çüli”, “Hazar”, “Awçy”;

  • Gaýnadylyp taýýarlanan görnüşde: “Arkaç”, “Altyn açar”, “Altyn kenar”, “Arfa”;

  • Gaýnadylyp kakadylan görnüşde: “Änew”, “Altyn şapak”, “Gündogar”, “Kaklama”;

  • Şeýle hem “Şasenem”, “Altyn çeşme”, “Gunça”, “Nygmat”, “Daşrabat” ýaly şöhlat önümleri alyjylaryň islegli harytlaryna öwrülipdir.

Önümçilikde peýdalanylýan esasy çig mal — kärhananyň öz maldarçylyk hojalygynda, şeýle hem şahsy hojalyklarda ideg edilýän iri şahly mallardan alynýan täze mal etidir.

Baş tehnolog Nariman Ismaýylow şeýle diýýär:

“Önümçiligiň ýokary hil derejesini üpjün etmek üçin ähli tapgyrlar berk gözegçilikde saklanylýar. Ilkibaşda kesilen et sowadyjyda 24 sagat saklanylýar, soňra süňklerinden arassalanyp, üwedilip, duzlanýar. Bir gije sowadyjyda goýlandan soň, goşundylar goşulýar. Şöhlatlar ýörite peçlerde degişli ýylylyk derejesinde bişirilýär, soňra sowadylyp, ertesi söwda üçin taýýarlanýar.”

Önümçiligiň döwrebaplaşdyrylmagy bilen kärhanada börek önümleriniň taýýarlanylyşyna hem girişilipdir. Ilatyň gündelik sarp edýän azyk harytlaryna bolan islegleri öwrenilip, şol isleglerden ugur alnyp, önümçilik giňeldilýär.

Kärhanada öndürilýän önümler ýokary hili bilen tapawutlanýar. Her taýýar önümiň hil derejesi ýörite barlaghanada seljerilip, barlagdan geçýär. Şeýle mümkinçilikleri döretmek üçin kärhana döwrebap enjamlary bilen üpjün edilendir.

Kärhananyň öz söwda nokatlary hem bar — häzirki wagtda Türkmenabat şäherinde 6 sany dükany hereket edýär. Bu dükanlarda täze, tagamly we ýokary hilli şöhlat önümleri alyjylara hödürlenýär.

Baş tehnolog Nariman Ismaýylowyň belleýşi ýaly:

“Ilata ýetirilýän önümlerimiziň hiline berk üns berilýär. Her önüm müşderiniň islegine laýyk bolmagyny baş maksat edinýäris.”

Soňky ýyllarda ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek we döwlet derejesinde goldamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler önüm öndürijiler üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

“Ýurdumyzy ösüşleriň täze belentligine ýetirýän, telekeçilige giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys! Olaryň janlary sag, belent başlary aman bolsunlar, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaçlyga beslensin!” — diýip, baş tehnolog Nariman Ismaýylow belledi.