“Türkmenistan” awiakompaniýasy uçuşlarda sanly multimedia hyzmaty

Dek 13, 2025 - 14:08
“Türkmenistan” awiakompaniýasy uçuşlarda sanly multimedia hyzmaty

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti uçuş wagtyny has oňaýly etmek maksady bilen uçarlarynda sanly multimedia ulgamyny işe girizdi. Täze ulgam ähli ýolagçylara, şol sanda ýerli we halkara gatnawlaryna uçýanlara elýeterli bolup, uçuş wagtyny hasam amatly we gyzykly eder.

Täze multimediýa ulgamy ýolagçylara filmlere, teleseriallara we multfilmlere tomaşa etmäge, audiokitaplary we podkastlary diňlemäge, şeýle hem iň täze gazetleri we kitaplary okaýyş mümkinçiliklerini hödürleýär.

Ulgama birikmek üçin iOS ýa-da Android operasiýa ulgamlary bolan smartfon, planşet ýa-da noutbukdan peýdalanyp bolýar. Multimedia ulgamy boýunça hyzmatlar ähli ýolagçylar üçin mugt teklip edilýär we uçuş dowamynda diňe içerki Wi-Fi ulgamy “Turkmenistanairlines” arkaly elýeterlidir.

Multimedia ulgamyna birikmek boýunça gysga görkezmeler şulardan ybarat:

  1. Öz enjamyňyzda (telefon, planşet, noutbuk) uçuş rejesini açyň.

  2. Wi-Fi ulgamyna girip, howa gäminiň içindäki “Turkmenistanairlines” toruna birikdiriň.

  3. Brauzeri açyň we salgylanma setirine «adonisone.com» giriziň ýa-da uçuşdaky QR koduny ulanyň.

  4. Dili saýlaň we “Multimedia portalynyň” menýusyna giriň.

  5. Gyzyklandyryjy kategoriýany saýlap, uçuşdan lezzet alyň.

Täze sanly multimedia ulgamy bilen “Türkmenistan” awiakompaniýasy” ýolagçylaryna uçuşlaryny hasam rahat we lezzetli geçirmek mümkinçiliklerini hödürleýär.