«RYSGAL» PAÝDARLAR TÄJIRÇILIK BANKY ŞAHSY TARAPLAR ÜÇIN «INTERNET-BANK» WE «MOBIL-BANK» HYZMATLARYNY HÖDÜRLEÝÄR
«Internet-Bank» hyzmatyny birikdirmek we «Mobil-Bank» programma üpjünçiligini ykjam enjamlaryňyza gurmak arkaly, banka barmak zerurlygy bolmazdan, sanly ulgamyň üsti bilen aşakdaky hyzmatlardan peýdalanyp bilersiňiz:
— Hasaplaryňyzy özbaşdak dolandyrmak;
— Bankyň hem-de beýleki banklaryň müşderileri bolan şahsy taraplaryň bank kartlaryna we hasaplaryna pul serişdelerini geçirmek;
— Köplenç ulanylýan töleg tabşyryklarynyň nusgalaryny almak we şol nusgalaryň esasynda täze töleg tabşyryklaryny döretmek;
— Hasaplaryň galandylaryny we hereketlerini görmek we çap etmek;
— Karzlar we goýumlar boýunça maglumatlary almak we olary dolandyrmak;
— Bank tarapyndan iberilýän maglumatlary almak, bank bilen habarlaşmak we sorag-jogap alyşmak;
— Daşary ýurt pullarynyň hümmetini barlamak.
Hyzmatlary birikdirmek üçin «Rysgal» Paýdarlar Täjirçilik Bankynyň merkezi edarasyna ýa-da welaýat şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz.
Telefon: +993 (12) 96-46-74, +993 (12) 96-46-86
Giňişleýin maglumat: www.rysgalbank.com.tm
