Ýakyn.biz — Türkmenistanda sanly işewürligiň innowasiýasy

Dek 13, 2025 - 14:54
Ýakyn.biz — Türkmenistanda sanly işewürligiň innowasiýasy

Ýakyn.biz — Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiligi üçin döredilen sanly biznes platformasy, ýerli kärhanalaryň we dükanlaryň Google kartasyna işjeň ýerleşdirilmegini üpjün edýär. Dermanhanalardan başlap, kafeler, söwda nokatlary we beýleki iri desgalaryň koordinatalaryny kartada bellemek bilen, platforma ulanyjylara kärhanalary aňsat tapmak we hyzmatlara elýeterlilik üpjün etmek mümkinçiligini berýär.

Täze hyzmatlar we interaktiw mümkinçilikler

  • 360° panorama wirtual gezelençler: Ulanyjylar kärhanalaryň içini ýa-da daşky görnüşini sanly görnüşde gezelenç edip bolýar.

  • Taksi hyzmatlary: Kärhanalara, dükanlara ýa-da desgalara barmak üçin onlaýn taksi hyzmatyny birleşdirýär.

  • Kärhanalaryň ýerleşişi Google kartasyna ýerleşdirilip, müşderilere iş wagty, aragatnaşyk maglumatlary we beýleki peýdaly maglumatlar görkezilýär.

Google Maps Platform Awards

Bu innowasion mümkinçilikler üçin Ýakyn.biz topary Google Maps Platform Awards baýragyna mynasyp bolarmy?. Ady agzalan baýrak Google kartasynyň innowasion we peýdaly ulanylyşyny döredýän taslamalary sylaglamak üçin berilýär. Şeýlelik bilen, Ýakyn.biz diňe bir sanly platforma däl, eýsem Türkmenistanda telekeçiligi ösdürmegiň we müşderi bilen aragatnaşygy güýçlendirmegiň öňdebaryjy çözgüdi hökmünde ykrar edildi.

Platforma arkaly islendik kärhana öz maglumatlaryny girizip, kartada ýerleşdirip, müşderilere 360° panorama, taksi hyzmaty we beýleki sanly mümkinçilikleri hödürläp biler. Bu ulanyjylara işiňizi tapmak, hyzmatdan peýdalanmak we onlaýn tejribe geçirmek üçin amatly şertleri döredýär.