Türkmenistanly mekdep okuwçysy Almaty şäherinde geçirilen AMAKids halkara olimpiadasynda ýeňiji boldy
Türkmenistanly mekdep okuwçysy Baymuhammet Annamuhammedow AMAKids akademiýasy tarapyndan guralan International Mental Arithmetic & English Language Olympiad – Independence Cup atly halkara olimpiadanyň ýeňijisi boldy. Bu barada Turkmenportal habarlar saýty maglumat berýär.
Bäsleşik Gazagystanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Almata şäherinde geçirildi. Oňa dürli ýurtlardan gelen çagalar we ýetginjekler gatnaşyp, mental arifmetika hem-de iňlis dili boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler.
B. Annamuhammedow öz ýaş toparynda birinji orny eýeläp, gatnaşyjylaryň arasynda iň ýokary netijäni görkezdi.
Independence Cup halkara formatda geçirilýän olimpiada bolup, çagalaryň we ýetginjekleriň intellektual hem-de dil başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
