Türkmenistanyň Baş Täze ýyl arçasynyň yşyklary ýakyldy
Asylly däbe görä, paýtagtyň gözel ýerleriniň biri bolan, Köpetdagyň etegindäki «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança her ýylda geçirilýän dabaralaryň esasy merkezine öwrüldi. Bu ýerde belent, ýaşyl öwüsýän arça oturdylyp, onuň töwereginde ertekilerdäki ýaly ajaýyp gurşaw döredildi.
Dürli yşyklar bilen bezelen arçanyň ýanynda şatlykly we täsin çykyşlara sabyrsyzlyk bilen garaşyp duran köp sanly çagalar we ulular — paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary, folklor we tans toparlary, baýramçylyk lybasyndaky sirk we teatr artistleri, erteki gahrymanlary ýygnandylar.
Ýurduň Baş arçasynda yşyklaryň ýakylmagy ertekilerdäki täsinlikler baradaky düşünjelere beslenen dabaradyr. Şoňa görä-de, ol baýramçylygyň guramaçylaryndan aýratyn döredijilikli çemeleşmäni talap edýär.
Körpeleriň islegi boýunça Aýazbabanyň jadyly taýagynyň kömegi bilen owadan bezelen arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy bu ýerde guralan dabaranyň iň täsirli pursadyna öwrüldi.
Şol pursat ýurduň welaýatlaryndaky şäherleriň baş meýdançalarynda gurnalan Täze ýyl arçalarynyň ählisi hem jadyly yşyklarda ýalkym saçdy. Bu ýerlerde-de köpöwüşginli baýramçylyk çykyşlary ýerine ýetirilip, aýdymdyr sazlar belentden ýaňlandy. Çagalar öz şadyýan aýdymlary bilen Täze ýyl arçalarynyň daşyndan aýlandylar.
