Türkmen boksçusy Baýramdurdy Nurmuhammedow dünýä çempionatynyň bürünç medalyny gazandy
habarTürkmen türgeni Baýramdurdy Nurmuhammedow BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen boks boýunça dünýä çempionatynda 71 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip bürünç medala mynasyp boldy.
Bu agram derejesinde medallar ugrunda jemi 36 türgen bäsleşdi. Ýaryşyň ilkinji tapgyrynda B.Nurmuhammedow albaniýaly Alban Bekirini ýeňlişe sezewar etdi. Ikinji tutluşygynda ol eýranly Moslem Mahsudiden ynamly üstün çykan bolsa, üçünji duşuşygynda ispaniýaly Frank Martinezi ýeňmegi başardy.
Ýarym finalda türkmen türgeni russiýaly boksçy Sergeý Koldenkow bilen güýç synanyşdy. Tutluşygyň netijesi boýunça üstünlik Russiýanyň wekiliniň tarapynda boldy we ol soňlugy bilen ýaryşyň kümüş medalyny gazanmagy başardy. Bu agram derejesinde altyn medalyň eýesi Gazagystandan Abylaýhan Žusupow boldy.
Dünýä çempionaty Halkara Boks assosiasiýasynyň (IBA) howandarlygynda geçirildi. Ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 8,32 million amerikan dollaryna barabar boldy. Her agram derejesinde ýeňijiler 300 müň, kümüş medalçylar 150 müň, bürünç medal gazananlar bolsa 75 müň amerikan dollary möçberinde pul baýraklaryna eýe boldular.
