Redmi K90 Pro Max – üç sany Bose 2.1 dynamigi we IP68 suw geçirmezligi bilen tapawutlanýan täze flagman

Okt 19, 2025 - 11:41
Redmi K90 Pro Max – üç sany Bose 2.1 dynamigi we IP68 suw geçirmezligi bilen tapawutlanýan täze flagman
Surat:Redmi

Redmi K90 Pro Max smartfony resmi taýdan 27-nji oktýabrda tanyşdyrylar. Täze enjam adaty smartfonlardan tapawutlanýan, dünýäniň meşhur ses tehnologiýasy öndürijisi Bose bilen bilelikde döredilen 2.1 ses ulgamyny özünde jemleýär.

Täze ulgamda üç sany dinamigiň ýerleşdirilmegi bilen, Redmi K90 Pro Max ulanyjylara ýokary hilli stereo ses tejribesini hödürleýär. Aýratynlykda, kamera obýektiwleriniň gapdalynda ýerleşýän “Sound by Bose” ýazgysy bolan tegelek dinamikiň bezeg däl-de, doly işjeň ses çykyşy berýändigi bellenilýär. Şeýle-de bolsa, üçünji dinamigiň goşulmagy enjamyň IP68 derejesindäki suw we tozan geçirmezligini peseltmeýär.

Redmi täze funksional mümkinçilik hökmünde audiowibrasiýa arkaly tozany arassalamak ulgamyny hem girizdi. Bu programma üpjünçiligi arkaly dinamigiň deşikleri wibrasiýanyň kömegi bilen öz-özüni arassalap bilýär.

K90 Pro Max modeli şeýle hem täze jinsi reňkli görnüşde çykýar. Bu görnüşde ulanylan ýörite önümçilik tehnologiýasy, hakyky mata ýaly dokumany we duýgyny berýär hem-de kirlenmä, çyzylmaga we könelmäge garşy ýokary durnuklylygy üpjün edýär.

Habarlara görä, täze seriýa Snapdragon 8 Gen 5 Elite prosessorly, 6,59 – 6,67 dýuým aralygyndaky 2K çözgütli tekiz displeý, ultrases barmak yzy skaneri we 50 megapiksel OIS optiki stabilizatorly esasy kamera bilen enjamlaşdyrylar. Şeýle hem kamera toplumyna periskop görnüşli teleobýektiw girýär.

Täze Redmi K90 Pro Max dizaýn, ses hili we tehniki aýratynlyklar taýdan kompaniýanyň iň kämil flagmanlarynyň biri bolar diýip garaşylýar.