Ylham çeşmesi — parahat durmuşa barýan ýol

Dek 11, 2025 - 23:00
Ylham çeşmesi — parahat durmuşa barýan ýol

Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşynda, sungat we medeniýet ugurlarynda uly ösüşleriň gazanylýan häzirki döwründe döredijilik adamlarynyň üstünlikleri halkymyzyň agzybirliginiň, parahat we bagtyýar ýaşaýşynyň aýdyň beýanyna öwrülýär. Pederleriň ygrarly ýoluna, il-ýurda bolan söýgä, sungata goýulýan belent sarpa şol döredijiligiň esasy çeşmesidir. Döwletli etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Irina Şuwalowa hem şu belent ruhdan ylham alyp, parahat durmuşa öz zähmeti bilen goşant goşýan ussatlaryň biridir.

Irina Şuwalowa türkmen diyarynyň döredijilik giňişliginde 25 ýyldan gowrak wagt bäri yhlasly işleýän mugallymlaryň biri hökmünde tanalýar. Ol ýokary okuw mekdebini tamamlap, ilkinji başlangyjyny Kerki etrabynyň Mustak Aýmedow adyndaky 2-nji çagalar sungat mekdebinde fortepiano boýunça mugallymçylykdan başlaýar. Soňra Kerki etrabynyň 1-nji sungat mekdebinde işini dowam etdirýär. Häzirki wagtda bolsa ýaş zehinleriň döredijiligini kämilleşdirýän merkezleriň biri — Döwletli etrap çagalar sungat mekdebinde sapak berýär.

Onuň pikiriçe, sungat — peder ýoluna goýulan sarpa, milletiň ruhy dünýäsiniň aýnasydyr. Türkmenistanyň parahatçylyk, durnuklylyk we agzybirlik ýörelgelerine daýanýan syýasaty döredijilik adamlaryna giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň ähli milletlere deň derejede hormat goýýan jemgyýeti onuň ömründe aýratyn orun eýeleýär.

Irina Şuwalowa diňe mugallymçylyk bilen çäklenmän, zehinli çagalara öz ýoluny tapmaga ýardam edýän döredijilik toparlaryny hem döredýär. Ol Kerki etrabynda «Ýyldyz» ady bilen kiçi we uly ýaşly çagalar tans toparlaryny gurnapdyr. Topar milli tanslaryň, häzirki zaman ritmleriniň, şeýle hem dünýä halklarynyň tans görnüşleriniň ýerine ýetirilişi bilen tapawutlanýar. «Kalinka», «Jazz for you» ýaly eserler bilen birlikde irland, ispan we beýleki ýurtlaryň tanslary toparyň repertuarynda mynasyp orun eýeleýär.

Bu tanslar diňe bir döredijilik däl, eýsem, dünýäniň dürli medeniýetleriniň halkymyzyň ýüregindäki dostluk we agzybirlik duýgularynyň beýanydyr. Toparyň çykyşlary ýerli çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda uly şowhun bilen garşy alynýar.

Şanly Bitaraplyk baýramçylygyna şeýle döredijilik sowgatlary bilen gatnaşýan Irina Şuwalowa özüniň sungata bolan uly yhlasy bilen buýsanýar. Onuň aýtmagyna görä, döredijiligiň her bir ädimi parahatçylykly we bagtyýar durmuşdan gözbaş alýar.

Irina Şuwalowa Hormatly Prezidentimiziň sungata, medeniýete, ýaşlaryň döredijiligine berýän ýokary ünsüni aýratyn bellenilýär. Onuň zähmetine goýlan uly bahanyň — Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň — döredijilik ýolunda has-da güýç berendigini aýdýar. Bu sylag diňe mugallyma däl, eýsem onuň bilen bilelikde zähmet çekýän tutuş toparyna, maşgalasyna bildirilen uly ynamdyr.

Türkmenistanda döredijiligiň, sungatyň, parahatlygyň we agzybirligiň ýörelgeleri biri-birini pugtalandyrýar. Irina Şuwalowa ýaly ýüregi sungat bilen ýaşaýan mugallymlaryň taryhy we medeni gymmatlyklary wagyz etmegi, ýaş nesle ylham bermegi ýurdumyzyň ruhy dünýäsi üçin örän möhüm ähmiýete eýedir.

Ol ylham çeşmesinden çeşme alýan zehinleriň müňlerçesiniň ýoluny ýagtylandyrýar. Sungat arkaly parahatçylyga, dost-doganlyga, medeni köprüleriň berkemegine hyzmat edýän döredijilik adamlary ýurdumyzyň dünýägaraýyşynyň iň nurana keşbini döredýär.