Amyderýa balladasy

Dek 13, 2025 - 09:16
Dek 13, 2025 - 10:06
Amyderýa balladasy

Gadymy Rim taryhçysy Ammian Marsellin (IV asyr) Amyderýa bilen Syrderýanyň Aral deňzine guýýandygyny belläp geçipdir. Abulgazy han bolsa öz eserinde diňe 1573-nji ýyldan başlap Amyderýanyň dolulygyna Aral deňzine tarap akyp başlandygyny ýazýar. XIX asyryň ahyrlarynda gündogary öwreniji rus taryhçysy, akademik W. W. Bartold gadymy çeşmelerde Amyderýanyň aşaky akymy barada berlen maglumatlary bir ýere jemläp, olara giňişleýin seljerme berýär we «mongol basybalyşlary döwründe-de, häzirki ýagdaýy ýaly, Amyderýa Aral deňzine akypdyr» diýen netijä gelýär.

XIII—XVI asyrlarda derýanyň suwlarynyň Oguzboýuň hanalarynyň üstünden Hazar deňzine tarap akyşynda belli bir üýtgeşmeler bolupdyr. Emma käbir alymlar, mysal üçin, niderlandly gündogary öwreniji De Geu bu pikir bilen ylalaşmaýar we garşylykly netijä gelýär. Amyderýa baradaky şeýle jedeller asyrlar boýy dowam edip gelipdir. Dürli garaýyşlaryň döremegine alymlaryň elindäki maglumatlaryň takyk däldigi, käwagt Amyderýany we onuň suwlarynyň barýan ýerlerini öz gözleri bilen görmän, diňe eşiden maglumatlaryna esaslanyp ýazmagy hem-de ylmy seljermelerde goýberilen ýalňyşlyklar sebäp bolupdyr.

Bu gürrüňleriň özeni Amyderýanyň suwlarynyň hem Hazar deňzine, hem-de Aral deňzine akandygy bilen baglanyşyklydyr. Arheologik barlaglar örän irki döwürlere, hatda Gerodotyň bu mesele barada ýazyp geçen wagtlaryna degişli tapyndylary ýüze çykardy. Şol barlaglaryň netijeleri we tapylan maddy subutnamalar Amyderýanyň gadymy akymlary barada anyk maglumat berýär.

Amyderýanyň häzirki köp suwly hanasyndan onlarça, hatda ýüzlerçe kilometr uzaklykda onuň gadymy bol suwly akymlarynyň yzlary saklanyp galypdyr. Ägirt Garagum sährasynyň tutuşlygyna, şeýle hem Gyzylgumuň käbir ýerleriniň Amyderýanyň köp asyrlaryň dowamynda alyp baran işleri bilen emele gelendigine ynanmak bolar. Bu ýerlerde — çäge bilen örtülen jülgelerde, kenarýaka seňňerlerde, jarlarda hem-de wagtlaýyn köl bolup ýatan çöketliklerde gadymy derýa akymlarynyň yzlary henizem aýdyň görünýär.

Käbir ýerlerde agyr çäge gatlaklary müňlerçe ýyllyk taryhyň yzlaryny örtüp goýupdyr. Alymlaryň gelen netijelerine görä, Garagumy emele getirýän çökündileriň mineral düzümi häzirki zaman Amyderýasynyň çökindileriniň düzümi bilen diýen ýaly meňzeşdir. Bu bolsa Amyderýanyň geçmişde örän giň we täsirli suw ulgamy bolandygyny tassyklaýar.