Sadyr Žaparow Türkmenistana sapar bilen geldi
Düýn Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana sapar bilen geldi. Bu barada «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Gyrgyzystanyň Prezidenti Aşgabatda iri halkara foruma, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän beýleki dabaraly çärelere gatnaşar.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Aşgabada sapary däp bolan dostluk, özara düşünişmek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejesini tassyklaýar.
