Amyderýa güni mynasybetli «Amyderýa: obýektiw arkaly nazar» — fotosurat bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanda Amyderýa derýasynyň gününe mynasybetli «Amyderýa: obýektiw arkaly nazar» atly fotosurat bäsleşigi yglan edýär. Bu döredijilik taslamasy Germaniýa, Şweýsariýa we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyndan döredildi.
Bäsleşigiň esasy maksady:
-
Amyderýanyň tebigy gözelligine we ekologik ähmiýetine ünsi çekmek,
-
Döredijilik arkaly tebigy mirasymyza hormat goýmagy artdyrmak,
-
Derýanyň sebitiň ösüşine we abadançylygyna goşýan täsirini giňden görkezmek.
Türkmenistanda bu taslamany Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde amala aşyrýar.
Kim gatnaşyp biler?
-
Türkmenistanda ýaşaýan, 18 ýaşdan uly her bir adam gatnaşyp biler.
Ugry we talablar
-
Amyderýanyň manzarasy – derýanyň dürli pasyllardaky tebigy görnüşleri;
-
Flora we fauna – derýanyň sebitindäki ösümlikler we haýwanlar;
-
Adam we Amyderýa – derýa bilen adamyň arasyndaky özara gatnaşygy görkezýän suratlar (zähmet, dynç alyş, däp-dessurlar).
-
Iň köp 4 sany surat (JPEG, 300 DPI),
-
Ujypsyz redaktirlemäge rugsat bar (kesmek, reňk, ýagtylyk sazlamalary) — emma kollaj, obýekt goşmak ýa aýyrmak gadagan.
-
Her surata awtoryň ady‑familiýasy, aloqa maglumatlary we surat barada gysgaça maglumat goşulmalydyr.
Iberiş tertibi
-
Elektron hat: amudaryariver2025@gmail.com
-
Hat mowzugy: Foto bäsleşik – [Familiýa, At]
-
Surat faýlynyň ady: Familiýa_At_IşiňAdy.jpg (meselem: Amanow_Aman_Peýzaž.jpg)
-
Suratlar kabul edilýär: 2025-nji ýylyň 20-nji awgustyna çenli
-
Eminler baha berýär: 31 awgust 2025
-
Sylag dabarasy: 2025-nji ýylyň sentýabr aýynyň birinji ýarymynda
Ýeňijilere ýetiriljek sylaglar
-
Şahadatnamalar we baýraklar gowşurylar
-
Iň gowy suratlar sergide görkeziler
-
Suratlar taslamanyň edarasynyň media serişdelerinde we Amyderýanyň gününiň jemleýji çärelerinde awtorlaryň ady bilen peýdalanylar
Daşary soraglar üçin habarlaşmak
-
+993 61 89 38 32
-
+993 65 54 00 48
Bu bäsleşik köptaraply maksatlara hyzmat edýär: ekologik düşünjäni ösdürmek, Amyderýanyň tebigy-mirasyny görkezmek we döredijilikli okuw mümkinçiliklerini artdyrmak.