Bereketli gök-bakja hasylyny gysga wagtda ýygmak 

Okt 16, 2025 - 17:28
Bereketli gök-bakja hasylyny gysga wagtda ýygmak 

Güýzüň dowam edýän häzirki günlerinde welaýatymyzda ýetişdirilen gök-bakja önümleriniň bereketli hasylyny gysga döwürde zaýasyz ýygnap almak maksady bilen işler alnyp barylýar. Bu babatda, esasan-da, Çärjew etrabynda işler has-da göwnejaý ýagdaýda alnyp barylýar.

Häzirki wagtda etrapdaky daýhan birleşikleriniň köpüsinde beýleki gök-bakja ekinleri bilen bir hatarda käşiriň bol hasylyny ýygnamak üçin guramaçylykly taýýarlyk görülýär. Ene topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýerleri gurplandyrmak maksady bilen etrabyň «Watan» daýhan birleşiginiň 6-njy kärendeçiler toparynyň ekerançylyk meýdanlarynda hem bu işler hasda gyzgalaňly alynyp barylýar.

Tejribeli daýhanlar aralyk ekinleriň ekilmegi bilen topragyň gurplanyp, minerallar boýunça baýlaşýandygyny gaýtalaýarlar. Iýun aýynda bugdaý hasyly ýygnalyp gutarandan soň, käşir ekişine girişip, bol hasyl gazanmakda üstünlik gazanan daýhanlaryň arasynda Hemrakuly Gahrymanowy hem belläp geçmeli.

Hemrakulyň maşgalasy hem etrapda hormatlanýan kärendeçilerdir. Geçen ýyl olaryň maşgalasy 1,5 gektar meýdandan 42 sentner hasyl alyp bilipdir. 

— “5 gektar kärende ýerimizden geçen ýyllardaky ýaly, gözleriňi dokundyrýan bitginli käşir hasylyny kemala getirdik. Ýakyn günlerde hasyly ýygnamaga girişmegi göz öňünde tutýarys,” diýip, Gahryman Hemraýew, 30 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan ussat kärendeçi gürrüň berdi.

Ol ýaşlykdan zähmet çekip, tejribe alyşýanlara nusga bolýar. 

— “Elbetde, islendik ekin hasylly bolmak üçin zähmeti talap edýär. Käşir hem şeýleräk. Adatça, irki we giçki käşirler tapawutlandyrylýar. Irki käşir ýere ýyly girip başlandan soň ösmäge ukyplydyr,” diýip, Hemrakuly sözüni dowam etdirýär.

Bugdaý hasylyndan soň ekilen käşirli meýdanlaryň 1 gektardan ortaça 35—40 tonna hasyl almagy üçin ähli tagallalar edilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine goşant goşýan Hemrakuly Gahrymanow oba ilatyna, ýer eýelerine alkyşlaryny aýtdy we Arkadagymyza, Gahryman Arkadagly Serdarymyza uly minnetdarlyk bildirdi.