Gowaça tohumçylygynyň ähmiýeti: ýokary hasyl we hil üçin ylmy esaslar möhüm

Okt 21, 2025 - 09:49
Gowaça tohumçylygynyň ähmiýeti: ýokary hasyl we hil üçin ylmy esaslar möhüm

Ýokary öndürijilikli gowaça sortlaryny döretmekde we olaryň hojalyk aýratynlyklaryny saklamakda tohumçylygyň orny örän uludyr. Tohumyň dogry taýýarlanylmagy we onuň önümçilikde degişli tehnologiýalar esasynda ösdürilmegi pagta süýüminiň hilini saklamagyň esasy kepili hasaplanýar.

Tohumlyk gowaçadan ýokary hilli süýüm almak üçin ekin ideginiň ähli tapgyrlary ylym taýdan esaslandyrylmalydyr. Şeýle işlerde haýsy döküniň, suwuň näçe möçberde we haçan berilmelidiginiň hasaba alynmagy möhüm. Çünki her bir tehnologik çäre süýümiň hiline we hasyla gönüden täsir edýär.

Gowaça — pagta süýüminiň esasy çeşmesi bolup, onuň tohumçylyk işleri süýümiň hiliniň we öndürijiliginiň durnuklylygyny üpjün edýär. Şonuň üçin tohumçylyk bilen meşgullanýan hünärmenler diňe bir agronomik bilimli bolman, eýsem ulanylýan abzallary we tehnologiýalary dogry ulanmagy hem başarmalydyr.

Her bir tohumçy öz işläp oturan gowaça sortunyň aýratynlygyny doly bilmelidir. Eger sortlaryň daşky görnüşi göz öňüne alnyp, ýalňyş seçgi geçirilse, onda bu onuň arassalygyna täsir edip, sort gymmatlylygyny ýitirýär. Şol sebäpli täze sortlaryň döretmekde we saýlamakda ylmy usullar, hususan-da, gül çaknyşdyrma arkaly döretilen “gibrid” ösümlikler giňden ulanylýar.

Mysal hökmünde orta süýümli TOHU-17 sortuny alyp bolar. Onuň boýy ortaça 100–110 santimetr, ýapraklary orta gürlükde, aşaky şahalary uzynrak, gülleri sary, galyň süýtükli çigidi bolsa çal reňkde bolýar. Goza içindäki pagta agyrlygy 5,8 gram bolup, süýümiň çykymy 36,1 göterime deňdir. Süýümiň uzynlygy 35,5 millimetr, inçeligi 6323 nýan we uzalyş berkligi 29,7 kilometrdir.

Pagtaçylyga degişli ylmy-barlag işleri netijesinde, ýaşyl süýtükli we ak gülli görnüşlerden tapawutlylykda, TOHU-17 sortunyň birsydyrgyn häsiýetleriniň saklanyp galmagy gazanyldy. Bu sort boýunça tohumçylyk hojalyklarynda ýörite saýlama usullarynyň ulanylmagy maslahat berilýär.

Gözlegleriň görkezmegine görä, pagta agyrlygy we süýüm hili tohumyň dogry saýlanylyşyna we ýerlikli taýýarlanylyşyna gönüden täsir edýär. Şonuň üçin barlaghana işlerinden soň, iň gowy aýratynlyklary bolan ösümlikler saýlanyp, diňe ýokary hilli nusgalar tohum hökmünde taýýarlanýar.

Pagtaçylyk institutynyň meýdanlarynda şu ýyl Ýolöten-50, Ýolöten-7, Ýolöten-14, Ýolöten-39 we Ýolöten-53 ýaly sortlaryň naýbaşy tohumlary ösdürilip ýetişdirilýär. Şeýle hem institutyň alymlary ýurdumyzyň tohumçylyk hojalyklaryna usulyýet we amaly kömek berýärler.

Gowaça tohumçylygyny ylmy esasda ösdürmek bilen, ýurdumyzda pagta öndürijiligini ýokarlandyrmak we içerki bazaryň ýokary hilli tohumlara bolan islegini doly kanagatlandyrmak göz öňünde tutulýar.
Pagtaçylyk institutynyň alymlarynyň tagallasy netijesinde bu ugurda üstünlikli ösüşleriň dowam etjekdigi ynamly aýdylýar.