Kerki etrabynda bugdaý ekişine giň gerim berilýär

Okt 17, 2025 - 08:52
Kerki etrabynda bugdaý ekişine giň gerim berilýär

Şu günler welaýatymyzyň ähli künjeklerinde güýzki bugdaý ekişiniň depgini ýokary. Kerki etrabynyň zähmetsöýer daýhanlary hem ýurdumyzyň gallaçylyk meýilnamasyna mynasyp goşant goşmak maksady bilen işlerini guramaçylykly dowam etdirýärler.

Bu ugurda etrabyň «Mürzebeggala» daýhan birleşiginiň gallaçylary aýratyn öňe saýlanýarlar. Olar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 1850 gektar meýdana bugdaýyň «Alekseiç» görnüşiniň tohumyny ekip, meýilnamada görkezilen 3020 tonna ýerine 3050 tonna ýokary hilli galla tabşyrmagy maksat edinýärler.

Daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlarynda häzirki wagtda dürli kysymly 6 sany oba hojalyk tehnikasy bökdençsiz hereket edýär. Mehanizatorlar ekişi iki tapgyrda alyp barýarlar. Şu güne çenli 1200 gektardan gowrak meýdanda ekiş işleri agrotehniki talaplara laýyklykda geçirildi. Ekilen ýerleriň 800 gektardan gowrakynda bolsa gowy gögeriş gazanyldy.

Ussat mehanizatorlar Serdar Mätiýew we Begenç Jumanazarow bu möwsümde ýokary öndürijiligi bilen tapawutlanýarlar. Olar her günde 20–25 gektar meýdanda ýokary hilli ekiş geçirýärler.

Bu ýyl hojalygyň dürli toparlary hem işjeňlik bilen çykyş edýärler.

  • 1-nji toparyň (Mekan Işangulyýew ýolbaşçylygyndaky topar)kärendeçileri — 250 gektar,

  • 4-nji toparyň (Ýusup Döwekow ýolbaşçylygyndaky topar) kärendeçileri — 220 gektar,

  • 6-njy toparyň (Rüstem Begnazarow ýolbaşçylygyndaky topar) kärendeçileri — 230 gektar meýdana bugdaý ekip, gektaryň hasyllylygyny 35–40 sentnere ýetirmegi göz öňünde tutýarlar.

Ussat kärendeçiler Maral Soltanowa, Gudrat Saparow, Laçyn Rejebowa we Enar Gurbanowa bolsa hasyllylygy 45–50 sentnere ýetirmegi maksat edinýärler. Olar bugdaý ekişini ir tamamlap, meýdanlarda gögerişiň ýokary derejesine eýe boldular.

Daýhan birleşiginiň agronomy Eýýämberdi Janykow şu sözleri aýtdy:

“Şu ýylyň güýzi gallaçylar üçin has amatly boldy. Bugdaý ekişine doly taýýarlykly geldik. Şüdügär sürümini degişli çuňlukda geçirdik, her gektara 200 kilogram superfosfat döküni berdik. Şeýle hem ýerli dökünler bilen ýerleri gurplandyrdyk. Häzirden ideg işlerine girişdik, ýaşajyk maýsalar atyzlarymyza görk berýär.”

Kerki etrabyndaky “Mürzebeggala” daýhan birleşiginiň zähmetsöýer daýhanlarynyň alyp barýan işleri ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, oba hojalyk pudagynyň ösüşine mynasyp goşant bolup durýar.