Milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçiriler
Türkmenistanda milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek ylmy-amaly maslahata taýýarlyk görýär. Bu barada 17-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren hasabatynda H.Geldimyradow beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, 1-nji noýabrda guraljak foruma ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynyň ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş we karz edaralaryndan, ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinden wekilleriň 250-siniň gatnaşmagyna garaşylýar. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda başlangyçlaryny we bank ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini, milli manadyň sazlaşykly dolandyrylmagy bilen gazanylýan ykdysady üstünlikleri beýan etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem pul-karz syýasaty, bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda döwrebap bank hyzmatlaryny ýola goýmak, elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmek, halkara maliýe guramalary bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli pulumyzyň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegiň we ony guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
