Maşgala goldawy we bagtyýarlyk: Nika adamyň saglygyna nähili täsir edýär?

Okt 30, 2025 - 08:39
Okt 30, 2025 - 08:51
Maşgala goldawy we bagtyýarlyk: Nika adamyň saglygyna nähili täsir edýär?

Ylymlaryň maglumatlaryna görä, nikanyň adamyň bagtyna täsiri edýändigi anyklandy.
Personal Relationships žurnalynda çap edilen halkara barlagynyň netijelerine görä, öýlenmedik ýa-da durmuşa çykmadyk adamlar özleriniň fiziki we psihologik ýagdaýlaryny nikalylardan has pes baha berýärler. Şeýle-de, maşgalanyň bu ýagdaýdaky roly dürli medeni kontekstlerde tapawutlanýar.

Ylmy topar ABŞ-da geçirilen Midlife in the U.S. (MIDUS) we Ýaponiýada geçirilen Midlife in Japan (MIDJA) atly milli barlaglaryň maglumatlaryny seljerdi. Jemi 4746 adam (ýaşy 30-dan ýokary) gatnaşdy. Diňe özüni “nikalydy” ýa-da “hiç haçan nika baglaşmadyk” diýip görkezýänler hasaba alyndy. Raýat (nikasuz) ýa-da romantik gatnaşykdakylar seljerişden çykaryldy.

Birinji tapgyrda respondentler maşgala goldawyny we gatnaşyklardaky dartgynlylygy bahalandyrdylar. Birnäçe ýyldan soň geçirilýän ikinji tapgyrda bolsa, olar öz saglygyny we durmuşdan kanagatlanma derejesini aýtdylar.

Netijeler şuny görkezdi: ABŞ-da-da, Ýaponiýada-da ýeke ýaşaýan adamlar nikalylardan saglyk we durmuşdan hoşal bolmak babatda pes baha görkezýärler. Bu netijeler öňki köp sanly ylmy işler bilen hem utgaşýar — ýagny, nika köplenç has gowy özüni duýmak bilen baglanyşdyrylýar.

Barlagyň awtory, Singapur Dolandyryş Uniwersitetiniň alymy Lester Simiň bellemegine görä, dünýäde ýekelik köpelip barýandygyna garamazdan jemgyýetdäki nika bilen bagly adaty kadalar henizem adamlaryň ýeke galmagyna bolan garaýyşlaryna täsir edýär.

Ol şeýle diýdi:
“ABŞ-da hem, Ýaponiýada hem ýekeler maşgaladan az goldaw alýandyklaryny we gatnaşyklarda has köp dartgynlylyk duýýandyklaryny aýdýarlar. Ýekelik günsaýyn adaty bir zada öwrülýänem bolsa, ol entegem sosial we duýgy taýdan çykdajyly ýagdaýdyr.”