Çärjew etrapynyň üzüm baglarynyň bol hasylynyň syrlary
Çärjew etrabynyň «Jeýhun» daýhan birleşiginiň kärendeçi-bagbanlary dürli görnüşli miweli daragtlar bilen bir hatarda üzüm agaçlaryny idetmekde, bol hasyly kemala getirmekde ençeme ýyllaryň synagyndan geçen baý tejribä daýanýarlar. Halmämmet Saparowyň ýolbaşçylyk edýän kärendeçiler topary diňe bir etrapda däl, eýsem, tutuş welaýatymyzda tanalýar.
Bu ýerde baý tejribeli bagbanlaryň ençemesi zähmet çekýär. Şolaryň biri Mükkerem Açilowa 1989-njy ýyldan bäri üzümçilik bilen meşgullanýandygyny aýdýar. Häzirki wagtda 1 gektar üzüm baglygynda ideg işleri möwsümleýin agrotehniki talaplara laýyklykda geçirilip, Mükkerem enäniň kesp-käri şägirtleri tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär.
— Hawa, bizde üzümçilikden gowy baş çykarýan tejribeli bagbanlaryň onlarçasy zähmet çekýär. Bagçylyga ýöriteleşdirilen kärendeçiler toparymyza berkidilen 62 gektar ýeriň 31 gektaryny üzüm baglary eýeleýär. Galan meýdanyny erik, garaly, ülje, alma baglyklary tutýar. Toparymyzda kärendeçi-bagbanlaryň 70-si bolup, ýylyň-ýylyna baglarymyzdan bol hasyl almakda ýokary netijeleri gazanýarys. «Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, bagbanlarymyzyň köpüsiniň asly bagban maşgaladan. Birnäçe ýyldan bäri 1 gektar meýdanda üzüm baglaryna ideg edýän Myrat Öräýew bagbançylygyň inçe syrlaryny kakasy Rejepbaý agadan öwrendi. Rejepbaý aga 34 ýyllap bagçylyk bilen meşgullanyp, ençeme şägirtleri ýetişdirdi. Şolaryň biri Emirjan Saparow hem 25 ýyldan bäri üzümçilik bilen gyzyklanyp, ýokary netijeleri gazanyp gelýär — diýip, bagçylyk boýunça kärendeçiler toparynyň başlygy Halmämet Saparow gürrüň berýär.
Kärendeçiler toparynyň adygan tejribeli bagbanlarynyň ýene biri Mamurjan Jumaýew hem 1990-njy ýyldan bäri üzümçilik bilen meşgullanýar. Ol üzüme ideg etmegiň aýratynlyklaryny agasy Narbaýdan öwrenipdir. Häzir onuň bagynda dürli görnüşli üzümleriň 1250 düýbi bar.
— Häzir 1 gektar kärende ýerimde üzümiň ýokary hasyl berýän irki, aralyk we giçki ýetişýän görnüşleriniň 5-si bar. Daşary ýurtdan getirilen «Awatar» görnüşi-de synagdan geçirilýär. Bu üzümiň özboluşly banan miwesine we ýertudanasyna meňzeş tagamy bar. Geljekde ýerli toprak-howa şertlerimize uýgunlaşdyryp, üzümleriň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçiligimiz bar — diýip, Mamurjan Jumaýew gürrüň berýär.
Ol çybyk arkaly wegetatiw ýol bilen üzüm agaçlaryny ýetişdirýändigini, baglyk kärende ýeriniň her gektaryna 350 kilogram superfosfat, 200 kilograma çenli kaliý dökünlerini, şeýle-de 10 tonna golaý çüýredilen ders, ýagny, organiki dökünleri berýändigini sözüniň üstüne goşýar. Bagbanyň belleýşi ýaly, üzüm agaçlarynyň çybyklary gyş möwsüminde ýanwar-fewral aýlarynda gyrkylýar.
— Biziň joşgunly zähmetimiziň armasyny ýetirmekde, şeýle-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan tutumly işleri wagyz-nesihat etmekde Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň işgärleri uly işjeňlik görkezýärler. Öňdebaryjy bagbanlara jemgyýetçilik guramalary tarapyndan höweslendiriji sowgatlardyr Hormat hatlary gowşurylýar. Biz geljekde hem ýurdumyzda üzümçiligi ösdürmekde güýç-gaýratymyzy gaýgyrman, öz goşandymyzy goşarys. Türkmen obasynyň galkynmagy ugrunda yzygiderli aladalanýan, daýhanlaryň ýerden bol hasyl öndürip, halal baýamaklaryna giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys — diýip, tejribeli bagban Mamurjan Jumaýew ýüreginde beslän päk arzuwlaryny beýan etdi.
