Lebap welaýatyndaky keramiki bezeg önümlerini öndürýän kärhananyň artykmaçlyklary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny tutan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilip, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Muňa bolsa, 2020-nji ýylda işe girizilen «Döwletli-Döwran» hojalyk jemgyýetiniň keramiki bezeg önümlerini öndürýän kärhanasynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýärsiň.
— Dünýäniň ösen ýurtlarynyň döwrebap enjamlaryna daýanýan kärhanamyzda işler awtomatik usulda dolandyrylyp, kämil tehnologiýalar önümçilik işine goşulýar. Häzirki wagtda Saýat etrabyndaky Sakar, Halaç etrabyndaky Halaç we Köýtendag etrabyndaky Gubadag ýataklaryndan alynýan toýun esasy çig mal bolup hyzmat edýär. Hususy önümçiligiň Türkmenabat — Kerki — Amyderýa demirýolunyň we Türkmenabat — Kerki awtoulag ýolunyň ugrunda ýerleşmegi, önümçilikde çig mallary getirmekde hem-de taýýar önümi sarp edijilere ýetirmekde uly amatlylyklary döredýär — diýip, hususy önümçiligiň baş inženeri Agamyrat Annaýew gürrüň berýär.
Önümçilik çig mal önümleri, kesiji-galyplama, guradyjy, reňk beriji, bişiriji hem-de gaplama bölümlerinden ybarat. Hususy kärhanada her gije-gündizde, ortaça, 525 tonna, ýylyň dowamynda bolsa 192 müň tonna çig mal gaýtadan işlenilip, ýyllyk önümçilik kuwwaty 80 million şertli keramiki önümleri öndürmäge niýetlenilendir. Häzirki wagtda bu ýerde bezeg kerpiçleriniň 10 görnüşi, uly göwrümli termoblok kerpiçleri, plitalaryň ýere ýazylýan syrçalanylmadyk hem-de bezeg üçin diwar örtüji syrçalanylan görnüşleri taýýarlanylýar.
Döwrebap önümçilikde energoserişdelerini tygşytlamaga niýetlenilen öňdebaryjy işläp taýýarlamalar, kämil innowasion tehnologiýalar ulanylýar. Bu ýerde ýüklemek, daşamak we gaplamak işleri Ýaponiýanyň önümi bolan robotlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Taýýarlanylýan önümleriň hiline döwrebap barlaghana şertlerinde gözegçilik alnyp barylýar. Çig malyň fiziki, himiki häsiýetleri, önümleriň-de dykyzlygy, berkligi we çyglylyga durnuklylygy öwrenilýär. Netijede bolsa, gurluşyk-gurnama işlerine niýetlenilen ýokary hilli, berk, sowuga we gyzgynlyga çydamly önümler alynýar. Häzirki wagtda bu ýerde taýýarlanylýan keramiki bezeg önümleri ýurdumyzyň içindäki islegleri kanagatlandyrmak bilen bir hatarda Özbegistan Respublikasyna hem eksport edilýär.
— Hususy önümçiligimizde 190-a golaý işçi-hünärmen zähmet çekýär. Munuň özi-de etrabyň ýaşaýjylarynyň, esasan-da, ýaşlarymyzyň ençemesiniň täze iş orunlary bilen üpjün edilendigini aňladýar. Işimiziň öňe ilerlemeginde eýýäm 5 ýyldan gowrak wagt bäri öz işinde uly tejribe toplan hünärmenleriň mynasyp goşandy bar. Olardan önümçilik boýunça müdir Hesen Poladowy, tehnologyň kömekçisi Myrat Jumanazarowy, taýýar önümler ammarynyň başlygy Nurmyrat Guwanjowy, hususy kärhanamyzyň iş dolandyryjysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Baýram Ilowy, operatorlar Azat Döwletowy, Orazmyrat Abdullaýewi, Merdan Şirmämmedowy, Toýly Allanazarowy aýratyn belläp geçmegimiz gerek. Gujur-gaýrat bilen çekilen agzybirlikli zähmetiň netijesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uludan bellenilen Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýuny zähmet sowgatlary bilen garşyladyk. Biz telekeçilere döwrebap önümçiligi ýola goýmaga giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ak ýüregimizden sagbolsun aýdýarys — diýip, Agamyrat Annaýew öz ýürek buýsanjyny beýan etdi.
Bizem bu döwrebap önümçiligiň zähmet ýeňişleriniň kän bolmagyny, işleriniň mundan-da ilerlemegini arzuw edýäris.
