Braziliýada uçýan syçanlarda täze koronawirus tapyldy

Okt 29, 2025 - 17:43
Braziliýada uçýan syçanlarda täze koronawirus tapyldy

Bloomberg agentliginiň habaryna görä, alymlar Braziliýada uçýan syçanlaryň arasynda täze koronawirus görnüşini ýüze çykardylar. Bu wirusyň genetiki aýratynlygy COVID-19 we Ýakyn Gündogar respirator sindromy (MERS) döredýän wiruslara meňzeýär.

Täze wirusa BRZ batCoV diýlip at berildi. Ol Latyn Amerikasynda giňden ýaýran ownuk ölçegli mör-möjek bilen iýmitlenýän uçýan syçanlaryň bir görnüşinde tapyldy. Barlag üçin haýwanlaryň nusgalary Braziliýanyň Maranýan we San-Paulu ştatlarynda toplanyldy.

Genetiki barlaglaryň netijesine görä, BRZ batCoV β-koronawiruslar maşgalasyna degişli. Şu maşgalanyň düzümine COVID-19 (SARS-CoV-2), MERS (MERS-CoV) we atipik pnewmoniýa (SARS-CoV) döredijileri hem girýär.

Alymlaryň bellemegine görä, häzirki wagtda bu täze koronawirusyň adamlara howp salýandygyna degişli subutnama ýok. Şol bir wagtda, olarda BRZ batCoV wirusynyň şyp-belogynyň (spike proteiniň) gysga böleginiň bar bolmagy anyklandy. Bu bölek adamlaryň we haýwanlaryň öýjüklerindäki fermentler tarapyndan bölünip bilýär. Şeýle aýratynlyk wiruslaryň öýjüge girmegini ýeňilleşdirýär.

Mundan ozal şeýle gurluşly belok bölegi Amerikanyň çägind uçýan syçanlaryň koronawiruslarynda anyklanmady. Şonuň üçin alymlar bu aýratynlygyň Günorta Amerikadaky uçýan syçan populýasiýalarynda garaşsyz görnüşde emele gelendigini çaklaýarlar.