Gowaça — adamzadyň gadymdan bäri ösdürip ýetişdirýän gymmatly ösümligi
Dünýäniň tropik we subtropik guşaklarynda ösýän gowaça ösümligi gadymy döwürlerden bäri adamzadyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Alymlaryň maglumatlaryna görä, gowaça ilkinji gezek Hindistanda döräp, soňra Hytaý we Ýewropa ýurtlaryna ýaýrapdyr. Şol ýerlerden bolsa, Müsüre eltilipdir.
Arheologik tapyndylaryň görkezmegine görä, biziň eýýamymyzdan 3–4 müň ýyl ozal Hindistanda, Hytaýda we Müsürde pagta süýüminden sapak egrilip, matalar dokalypdyr. Bu bolsa gowaça önümçiliginiň şol döwürlerde-de adamlaryň gündelik durmuşyna çuňňur aralaşandygyny görkezýär.
Gowaça ösümligi Merkezi Aziýa ýurtlarynda bolsa biziň eýýamymyzyň IV–V asyrlarynda ekilip başlanypdyr. “Gossypium” ady latyn dilinden gelip, “süýüm berýän agaç” diýen manyny berýär. Gowaça ekininden alynýan esasy önüm pagta bolup, ondan çig pagta we pagta süýümi öndürilýär.
Alymlaryň pikiriçe, “pagta” sözi rus dilindäki “вата” sözüniň üsti bilen ýaýrapdyr. Ol hem öz gezeginde ýaponlaryň “watta” diýen sözünden gelip çykypdyr. Şeýle-de, bu gymmatly ösümligiň dürli ýurtlarda dürli at bilen tanalýandygyny görmek bolýar: özbek dilinde “pahta”, türk dilinde “pamuk”, azerbaýjan dilinde “pambuk”, pars dilinde “pempe”, hindi dilinde “karpas”, iňlis dilinde “cotton”, nemes dilinde bolsa “liebaumwolle” diýilýär.
Gowaçanyň dünýäde jemi 38 görnüşi bar. Şolaryň 4-si medeni görnüşe, galan 34-si ýabany görnüşe degişli. Alymlar gowaça görnüşlerini iki topara bölýärler.
Birinji topar — Aziýa we Afrika ýurtlarynda dörän görnüşler bolup, olaryň hromosomalarynyň sany 26-dyr. Bu topara Gossypium herbaceum L. we Gossypium arboreum L. görnüşleri degişlidir.
Ikinji topar — Amerika we Awstraliýa ýurtlarynyň howa şertlerinde dörän görnüşler bolup, olaryň hromosomalarynyň sany 52-ä deňdir. Olara Gossypium hirsutum L. we Gossypium barbadense L. görnüşleri degişli.
Dünýä boýunça pagta süýümi esasan şu görnüşlerden öndürilýär: Gossypium hirsutum L., Gossypium arboreum L., Gossypium barbadense L.
Türkmenistanda bolsa häzirki wagtda orta süýümli gowaça görnüşleri giňden ösdürilýär. Şolaryň hatarynda “Ýolöten-7”, “Ýolöten-39”, “Garaşsyzlyk-30”, “Aşgabat-140”, “S-2606”, “Daşoguz-120” ýaly sortlar bar.
Inçe süýümli “Ýolöten-14” sorty bolsa Gossypium barbadense L. görnüşine degişli bolup, ýüpek süýümli pagta hökmünde giňden tanalýar.
Dünýäde dokma senagatynyň iň möhüm çig maly bolan pagta süýümi häzirki wagtda hem öz gymmatyny ýitirenok. Dokma senagatynda ulanylýan süýümleriň aglaba bölegi — pagta süýümi bolup, galan bölegi ýüpek, ýüň, kendir we emeli süýümlerden düzülýär.
Gowaça ösümligi diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem ekologik taýdan hem möhüm ähmiýete eýedir. Ol ýerleriň topraklygyny saklamaga, oba hojalyk aýlanyşyny durnuklaşdyrmaga uly goşant goşýar.
