Apple taryhyndaky iň inçe we iň güýçli iPhone modelini hödürledi

Amerikanyň tehnologiýa ägirdi Apple 9-njy sentýabrda öz adaty ýyllyk tanyşdyrylyş dabarasyny geçirip, täze nesil smartfonlaryny — iPhone 17 Pro, iPhone 17 Pro Max we iPhone 17 Air modellerini resmi taýdan hödürledi.

Sen 10, 2025 - 09:11
Apple taryhyndaky iň inçe we iň güýçli iPhone modelini hödürledi
Смартфоны iPhone 17 Pro и iPhone 17 Pro Max / © Apple
Apple taryhyndaky iň inçe we iň güýçli iPhone modelini hödürledi
Apple taryhyndaky iň inçe we iň güýçli iPhone modelini hödürledi

Täze modelleriň hemmesi TSMC tarapyndan öndürilen 3-nanometrli tehnologiýa esasynda işlenip düzülen täze Apple A19 Pro prosessory bilen üpjün edildi. Apple-yň berýän maglumatyna görä, iPhone 17 Pro kompaniýanyň taryhyndaky iň güýçli smartfon boldy.

Tehniki aýratynlyklary:

  • iPhone 17 Pro modeli 6,3 dýuýmlyk Super Retina XDR ekrany bilen gelýär,

  • iPhone 17 Pro Max bolsa has uly — 6,9 dýuýmlyk displeý bilen enjamlaşdyrylandyr.

Iki model hem döwrebap, çyzylmalara garşy goragly örtük bilen üpjün edilendir. Ekranlar ProMotion tehnologiýasyny (täzelenme tizligi 120 Hz çenli), Always On (elmydama açyk ekran) funksiýasyny goldaýar we 3000 nit çenli iň ýokary ýagtylygy üpjün edýär. Apple-yň habar bermegine görä, daşky gurşawda displeýiň kontrasty öňki modeller bilen deňeşdirilende iki esse ýokarlandy.

Pro modelleriň esasy kamerasynyň düzümine üç sany 48 megapiksel (MP) sensor girýär: esasy modul, giň burçly kamera we 4 esse optiki zoomly teleobyektiw.
Öň kamera — 18 MP — täze surat düşürme režimleri bilen üpjün edilendir.

iPhone 17 Air — Apple-yň iň inçe smartfony

Apple-nyň täze çykaran iPhone 17 Air modeli aýratyn üns çekdi. Bu enjam kompaniýanyň taryhyndaky iň inçe smartfonydyr — onuň galyňlygy bary-ýogy 5,7 millimetr.
Titana meňzeş ýeňil we berk materialdan ýasalan korpusly bu modelde 6,5 dýuýmlyk displeý we arka tarapynda 48 MP-lik ýeke kamera ýerleşýär. Apple-yň bellemegine görä, bu kamera dürli fokus aralyklaryndaky birnäçe linzany bir ýerde jemläp biler.

Bahalary we ýat görnüşleri

  • iPhone 17 Pro – bahasy 1099 ABŞ dollaryndan başlanýar,

  • iPhone 17 Pro Max1199 dollardan.

Ähli modelleriň esasy ýat görnüşi 256 GB, Pro Max görnüşinde bolsa 2 TB-a çenli saklaýyş mümkinçilikleri hödürlenýär.