Aşgabatda «Bitaraplygyň Kubogy» atly hokkeý ýaryşy başlandy

Dek 2, 2025 - 10:41
Dek 2, 2025 - 18:35
Aşgabatda «Bitaraplygyň Kubogy» atly hokkeý ýaryşy başlandy

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» gyşky sport merkeziniň buzly arenasynda 16-njy dekabra çenli dowam etjek ajaýyp hokkeý ýaryşy — «Bitaraplygyň Kubogy» başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň wekilleri habar berdiler.

Ýaryşa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna, ministrliklerine hem-de döwlet gulluklaryna degişli bolan toparlaryň 8-si gatnaşýar. Ýaryş Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň goldawy bilen geçirilýär.

Gatnaşyjy toparlar: «Galkan» (Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi), «Nesil» (IIM-niň instituty), «Watançy» (Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby instiututy), «Merdana» (Serhet instituty), «Bürgüt» (Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi), «Oguzhan» («Türkmengazawtomatika» müdirligi), «Şir» (Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi) hem-de «Alp Arslan» (Ulag-kommunikasiýalar toplumy).

Ýaryşyň öňüsyrasynda «Galkan» gyşky sport merkezinde Halkar Hokkeý federasiýasynyň (IIHF) goldawy bilen eminler üçin niýetlenen halkara seminar geçirildi.