Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär

Iýul 13, 2025 - 18:06
Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin talyplyga kabul edýär

DAŞOGUZYŇ MAGTYMGULY GARLYÝEW ADYNDAKY ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI
2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky ugurlar (hünärler) boýunça talyplyga kabul edýär:
I. Býujet esasynda:
1. Sungaty öwreniş (hünär: sazyň taryhy we nazaryýeti).
2. Sahna sungaty we edebi döredijilik (hünärler: bagşyçylyk sungaty; horeografiýa sungaty).
3. Saz sungaty (hünärler: türkmen milli saz gurallary (görnüşleri boýunça); halk saz gurallary (görnüşleri boýunça); kirişli saz gurallary (görnüşleri boýunça); üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary (görnüşleri boýunça); for­te­pia­no; hor di­riž­ýor­ly­gy).
II. Tölegli esasda.
1. Sahna sungaty we edebi döredijilik (hünär: aýdym aýtmak sungaty (wokal).
2. Saz sungaty (hünär: saz mugallymçylygy).
3. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünär: nakgaşçylyk).
Ýörite sungat mekdebine Daşoguz welaýatynda hemişelik ýaşaýan, umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Daşoguz şäherinde 2025-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— sazçylyk ýa-da çeperçilik bilimi barada resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri (taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça) şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny;
— 2 sany galamda, 2 sany reňkde, 2 sany eser (kompozisiýa) işlerini (sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri ugrunyň nakgaşçylyk hünärine okuwa girýänler üçin).
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde (Daşoguz ş.) 2025-nji ýylyň iýul aýynyň 30-y, awgust aýynyň 1-i we 3-i günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary ugurlara degişli hünärler boýunça aşakdaky derslerden geçirilýär:
— hünär: sazyň taryhy we nazaryýeti hünäri — hünäri boýunça, fortepiano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
— hünärler: aýdym aýtmak sungaty (wokal); horeografiýa sungaty; bagşyçylyk sungaty; saz mugallymçylygy — hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy;
— hünär: nakgaşçylyk — galamda surat çekmek, eser döretmek (kompozisiýa), Türkmenistanyň taryhy;
— beýleki hünärler — hünäri boýunça, solfejio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy.
Giriş synaglary sungat mekdepleriniň, Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler ondan soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat
mekdebiniň salgysy: Daşoguz ş., Magtymguly şaýoly, 28a,
tel.: 7-49-65.